Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Strese garşy näme etmeli?


Dünýäde millionlarça adam stresden ejir çekýär. Ýürek keselinden ölýänleriň hem sany artýar diýip, Halkara saglygy saklaýyş guramalary maglumat berýärler.Stresiň Türkmenistanda nä derejede ýaýrandygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Strese garşy göreşde psihologlar we psihoterapewtler dürli kömekleri edýärler. Ýöne soňky 10-15 ýylyň dowamynda olaryň köpüsi Türkmenistandan göçüp gitdiler. Şonuň üçin şol hünärmenler häzir ýetmezçilik edýär.

Poliklinikalarda psihologlar az, mekdeplerde hem professional psihologlar ýok diýen ýaly. Netijede ýaşlaryň köpüsi stresiň nämedigi barada az bilýärler.

Biziň ýaşlarymyz psihiki taýdan näsazlyklar ýüze çykan wagty köplenç öwülýälere aýlanýarlar, mollalardan doga alýarlar ýa-da palçylaryň ýanyna barýarlar diýip, ýerli habarçylarymyz maglumat berýärler.

Emma soňky döwürde bu ugurda käbir işler hem amala aşyrlýar. Meselem indi 2 ýyldan bäri Aşgabadyň Saglygy goraýyş edarasynda ýaşlar merkezi açyldy. 2009-njy ýylyň sentýabrynda bolsa ynanç telefonyny açyp, ýaşlara psihologiki kömek berip başladylar.

Şular ýaly merkezleri welaýatlarda hem açmaklyk göz öňünde tutulýar diýip, ýerli habarçylarmyz aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda türkmen ýaşlarynyň strese garşy näme etmelidigi barad hem maslahat berilýär.

Bu baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG