Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alymyň ölüminde Eýran Ysraýyly we ABŞ-y aýyplaýar


Düýn Tähranda ýadro ylmy boýunça eýranly tanymal alym Massud Mohammadiniň janyna kast edildi. Massud Mohammadi remout-kontrol arkaly amala aşyrylan partlamanyň pidasy boldy.

Eýranyň döwlet telewideniýesi bu hüjümiň Ysraýyl hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan gurnalandygyny görkezýän käbir alamatlaryň bardygyny öňe sürdi.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Mark Toner bu aýyplamany «samahyllama» diýip atlandyrmak bilen, ony ret etdi. Ysraýyl tarapyndan bu aýyplama hiç hili reaksiýa bolmady.

Käbir çeşmeler ýadro ylmy boýunça eýranly alym Massud Mohammadiniň adynyň Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly halkara «gara sanawynda» hem bardygyny habar berýärler.
XS
SM
MD
LG