Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstan regional konferensiýa geçirýär


Şu gün Gürjüstanda energiýa meselesine bagyşlanylyp, ýörite regional konferensiýasy geçiriler diýlip garaşylýar.

Batumi şäherinde geçiriljek bu regional konferensiýa Gürjüstanyň prezidenti bilen birlikde Azerbaýjanyň, Polşanyň we Ukrainanyň hem prezidentleriniň gatnaşjakdyklary habar berilýär.

Bolgariýadan, Rumaniýadan, Türkmenistandan we Gazagystandan bolsa bu maslahata ýörite hökümet delegasiýalary barar diýlip garaşylýar.

Kaspi deňiz basseýninden Ýewropa bazarlaryna çykarylýan nebit esasan Gürjüstanyň üstünden tranzit edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG