Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Garaşylýan syýasy öňegidişlik bolmady"


“Freedom House”, ýagny “Azatlyk Öýi” guramasy 2010-njy ýyl boýunça öz hasabatyny ýaýratdy. Onda 2009-njy ýylda syýasy we graždan azatlyklar barada bolup geçen wakalara giňişleýin syn edilýär.

Şol hasabatda aýdylyşyna görä, ady agzalýan temalar boýunça 2009-njy ýylyň dowamynda tutuş dünýäde yza gaydyşlar bolup, Merkezi Aziýada Özbegistan bilen bir hatarda Türkmenistan bu ýyl hem erkin bolmadyk ýurtlaryň hataryna girizilipdir.

Şu tema boýunça “Azatlyk Öýi” guramasynyň ylmy-barlaglar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Kris Walker bilen Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Region barada gürrüň etmezden ozal, bu gezekki hasabatyňyz we şonda üns berlen temalar hakynda dolurak maglumat beräýseňiz?

Kris Walker
Kris Walker:
198 ýurdy we käbir jedelli regionlary öz içine alan bu ýylky hasabatymyzda biz umuman demokratik ösüşlere syn etdik. Hasabatda gelnen netijä görä, ady agzalýan pudak boýunça geçen 40 ýylyň dowamynda ilkinji gezek dört ýyldan bäri yzygiderli yza gaýdyşlygyň bolanlygyna şaýat boldyk.

Azatlyk Radiosy: Bu hasabat boýunça Merkezi Aziýa bilen bagly nähili ýagdaýlara duş geldiňiz?

Kris Walker: Umuman aýdylanda, geçen ýyl tutuş dünýäde bu ugurda yza gaýdyşlygyň bolanlygyna göz ýetirdik. Esasanam graždan jemgyýetçiligi we metbugat azatlygy meselesi hakda dürli kynçylyklaryň dowam edýänligini aýtmak mümkin.

Elbetde, Merkezi Aziýa hem şeýle kynçylyklardan üzňe däl. Regionda bolup geçýän wakalaryň arasynda gowy habar gaty az, hatda käbir negatiw wakalara duş geldik. Esasanam bu ugurda Gyrgyzystan barada gürrüň etmek mümkin, sebäbi bu ýurt geçen ýyl belli bir derejede erkin diýlen katagoriýa giren hem bolsa, bu ýyl Gyrgyzystan erkin bolmadyk ýurtlaryň hataryna goşuldy.

Munuň ençeme sebäbi bar. Olardan käbirleri prezidentlik saýlawlarynda goýberilen galplyklar we ygtyýarlyklaryň has merkezleşdirilmegi baradaky synanyşykdyr. Ýylyň aýagyna gelnende, bu ýurtda metbugat azatlygy bilen bagly käbir aýylganç wakalar bolup geçdi. Meselem, žurnalist Gennadiý Pawlýuk we Saýid Şulembaýew dagylar öldürildiler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bu ýyl hem siziň sanawyňyzda iň ýapyk ýurtlaryň hataryna girizilipdir. Oňa iň pes baha, ýagny 7-nji derejeli görkeziji berlipdir. Munuň sebäbi näme, bu barada jikme-jik maglumat berip biljekmi?

Kris Walker: Özbegistan bilen Türkmenistan dünýäniň erkin bolmadyk iň ýapyk ýurtlary diýlip hasaplanylýar.

Türkmenistan barada aýdylanda, Nyýazowyň ölüminden soňra belli bir derejede erkinlik we aç-açanlyk bolar diýlen umyt peýda bolan hem bolsa, ol soňra puja çykdy. Sebäbi Nyýazow aradan çykaly bäri ýurtda bolan özgerişilikler gaty çäkli boldy.

Erkin we adalatly saýlawlaryň geçirilmegi, köp pikirlilik we metbugat azatlygy ýaly ugurlarda göze ilerlik ösüş bolmady. Şonuň üçin bu ýurt syýasy we graždan azatlyklary boýunça biziň hasabatymyzda iň ýapyk ýurtlaryň hatarynda galmaklygyny dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda demokratiýa taýdan haýsydyr bir ösüşiň bolmanlygyny aýtdyňyz. Siz bu maglumatlary nireden alýarsyňyz?

Kris Walker: Biz ýagdaýa hemmetaraplaýyn seredýäris. Esasanam syýasy we graždan azatlyklary kategoriýasyna girýän dürli görkezijilere üns berýäris. Beýle diýildigi, biz şol ugurlar boýunça dürli görkezijileri analizläp, olara synçylara baha berdirýärys.

Şeýle kategoriýalar esasynda Türkmenistandaky ýagdaýlara ýakyndan seredilende bu ýurduň näme üçin henizem erkin bolmadyk ýurtlaryň hatarynda galýanlygyna göz ýetirmek kyn däl. Gurama döretmek we jemlenişmek azatlygy, şeýle-de graždan jemgyýetçiligi boýunça ýurtda höküm sürýän düzgünler we metbugat azatlygynyň häzirky ýagdaýyna ser salnanda, bu ýurtda haýsydyr bir ösüşin bolanlygyny aýtmak kyn.

Elbetde, käbir kiçiräk ädimler ädildi, meselem, bilim pudagy bilen bagly käbir kararlar kabul edildi. Emma syýasy we graždan azatlyklary barada düýpli ösüş göze ilenok.

Azatlyk Radiosy: Jenap Kris, Türkmenistanda ýagdaýlaryň özgermegine päsgelçilik döredýän esasy zat näme hemem ýagdaýyň gowulyga tarap özgermegine nähili täsir ýetirip bolar? Has anygrak aýdylanda, bu ugurda Türkmenistana we türkmen ýolbaşçylaryna kim we nähili täsir ýetirip biler?

Kris Walker: Bu gaty çylşyrymly we uly sorag. Türkmenistanda bolaýmagy mümkin pozitiw ösgerişligiň öňünde päsgelçilik döredýän dürli meseleler bar. Türkmenistanyň agzalan sanawda 190-njy orunda ýerleşdirilmegi bu problemalaryň näderejede uludygyny aňladýar.

Emma Türkmenistan ýaly ygtyýary çäksiz bolan prezident tarapyndan dolandyrylýan ýurtlarda sýyasy we graždan jemgyýetçiligi meselelerinde iň bärkisi kiçeňräk ösüşlere garaşyp bolardy, ýöne sebäbi näme bolanda-da, biz bu ýurtda şeýle çäkli ösüşe-de gabat gelmedik.

Eger aç-açanlyk we jogapkärçilikli hökümet häkimiýet başynda bolan bolsady, halkyň ýagdaýy gowulaşardy. Emma öň hem aýdyşym ýaly, bu ugurda o diýen ösüş göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Aýdýan zatlaryňyzy nähili amala aşyryp bolar, munuň hötdesinden kim gelip biler, ýurduň içindäki güýçlermi, ýogsa-da şeýle özgerişlikleriň bolmagy üçin daşarky güýçler hereket etmelimi?

Kris Walker: Öň hem aýdyşym ýaly, bu gaty çylşyrymly we kyn sorag. Esasy zat, Türkmenistanda adam hukuklary we demokratiýa bilen bagly problemalara halkara jemgyýetçiligi tarapyndan üns berilmeginiň dowam etdirilmegidir. Ilki bilen problemanyň nämedigine göz ýetirip, soňra onuň çözgüdi ugrunda hereket etmeli. Özgerişligiň bolmagy üçin bu problemany mydama gün tertibinde saklamaly.

Elbetde, bu aňsatlyk bilen amala aşyryljak iş däl. Metbugat azatlygy uly meselelerden biri bolup durýar. Halkara jemgyýetçiligi bilen bir hatarda ýurtda aç-açanlygyň emele gelmeginde we halkyň ýeterlik maglumat bilen üpjün edilmeginde halkara metbugat serişdeleriniň roly hem gaty möhümligine galýar.

Azatlyk Radiosy: Günbataryň Türkmenistan bilen bagly häzirki alyp barýan syýasatyna seredilende, bu ýurtda demokratiýa boýunça geljekde haýsydyr bir özgerişligiň bolmagyna garaşyp bolarmy?

Kris Walker: Meniň pikirimçe, Günbatarda ýerleşýän demokratik ýurtlar Türkmenistanda özgerişlige itergi berip biljek ugurlary tapmaga synanyşýarlar, elbetde, bu gaty çylşyrymly bir mesele.

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen aragatnaşyklary artdyrmak boýunça edilen tagallalar, adam hukuklary pudagyna o diýen täsirini ýetirmedi.

Häzirki döwürde bu ugura täsir ýetirip bilmek üçin mümkinçilikleriniň gaty çäkli bolanlygy sebäpli käbir Günbatar ýurtlarynyň sussypeslige uçranlygynyň şaýady bolýarys.

Şol ýurtda ähli zady öz kontrolynda saklaýan we özgerşlik islemeýän bir hökümet bar, onsoň Günbatar ýurtlary has täsirli bolmak we gowy netije gazanmak üçin dürli syýasy bileleşikleri düzmäge ymtylýarlar. Türkmenistan bilen goňşy ýurtlar, esasanam Orsýet bolsa Aşgabatdaky häzirki sýyasy ýagdaýdan hoşal, şonuň üçin olar häzirki ýagdaýyň dowam etmegini isleýärler.

Azatlyk Radiosy: Häzirki ýagdaýlar we geografiki şertler göz öňünde tutulanda bu ýurt bilen bagly indiki ýyl ýayratjak hasabatyňyzda nämeler ýazylar diýip garaşýarsyňyz?

Kris Walker: Men bu ugurda çaklama beýan etmek islemeýärin. Meniň pikirimçe, islendik pudak barada gürrüň edilende-de, bu ýurtda uly kynçylyklaryň we problemalaryň bardygyna göz ýetirersiňiz.

Adalat sistemasy barada bolsun ýa metbugat azatlygy – ýurtda höküm sürýän päsgelçilikleriň möçberi gaty uly. Şonuň üçin bu ýurt dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň hatarynda galýar.

Men, hususanam, adam hukuklary barada gürrüň edilende, oňyn özgerişligiň öňündäki päsgelçilikleriň mundan beýlägem dowam etjekdigini çak edýärin.
XS
SM
MD
LG