Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Her etmeli-hesip etmeli, ýurdy düzetjek bolmaly


Bu günler türkmen bazarlaryna çyksaň, owadan kagyz ýaşşiklerde ýerleşdirilen terje hyýarlary satyn alyp bolýar. Parnikde ýetişdirilen ol hyýarlar goňşy Eýran ýurdundan gelýär.

Umuman alanyňda Eýran harytlary, şol sanda Eýranyň gök we bakja ekin önümleri türkmen bazarlaryny eýeleýär. Türkmenistanyň diňe bir paýtagt şäherinde däl, eýsem, welaýatlaryň bazarlarynda hem Eýranyň sogany, kartoşkasy, almasy, pyrtykaly we başga önümleri gyşyn-ýazyn satylyp dur.

Kim işeňňir bolsa, kim zähmetsöýer bolsa, bazarlar şolaryňky. Önümleriniň bolçulygyndan görnüşi ýaly, Eýranda oba hojalyk işleri mazaly tertibe salnan bolmaly. Eger önümler ýurduň öz halkyndan artyp, daşyna-da çykarylyp satylýan bolsa, diýmek, şol ýurtda işem edilýär, zähmedem çekilýär, zähmete görä hasylam alynýar.

Ösmek bilen däl-de, yza tesmek bilen

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde Galkynyşlar döwrüniň köp ugurly milli ykdysadyýetini döretmekligiň ýollary barada çykyş edip, Türkmenistanda gök hem bakja önümlerini, subtropik ösümlikleri, miweli baglary ösdürip, olardan alynýan hasyllary diňe bir öz ýurdumyzyň bazarlaryna däl, eýsem dünýä bazarlaryna-da çykarmak barada gürrüň edipdi. Ýerine ýetirip bolsa, bu salgy berilýän ugur gaty gowy ugur. Ýöne näme üçindir, Türkmenistanyň oba hojalygy ösmek bilen däl-de, ýyl-ýyldan yza tesmek bilen. Munuň sebäbi näme?

Türkmen topragy Eýran topragyndan ýaramazmy? Ýa-da adamlar Eýranyň oba hojalyk işgärlerinden pes işleýärmi? Sowet döwründe türkmen daýhanlarynyň ösdürip ýetişdirýän soganlary, üzümleri… Sowet soýuzynyň köp şäherlerini gök önümler bilen üpjün edýärdi. Biz Eýrandan gök önümleriň gelýänine gynanamzok. Goý, gelsin. Başda-da aýdyp geçişimiz ýaly, kim zähmetsöýer bolsa, bazar şoňa degişli. Bazarda gyşyn-ýazyn gök önümler bol bolsa, halk üçinem gowy. Ýöne daşardan näçe köp zat getirilse, ýurduň gyzyl pullary-da şonça daşyna gidýär.

Şunuň bilen bir hatarda ýurduň daýhanlarynyň işem elinden gidip dur. Eger her ýurduň bazaryny şol ýurduň öz daýhanynyň zähmeti eýeläp bilmese, isleseň-islemeseň, seniň bazaryňda keseki ýurduň daýhanynyň önümi durar, seniň öz daýhanyň bolsa, önüm öndürmesini goýup, gazanç üçin başga işlere baş goşar.

Oba hojalygynyň ýolbaşçylary işini oňaranokmy? Ýa olaryň iş etmegine biri päsgel berýärmi? Düýn-öňňinlikde-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemine bagyşlanylan giňeldilen mejlisinde ýurduň oba-hojalygynda işleýän häkimleriň ençemesi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipelerinden boşadyldy. Olaryň işde goýberen kemçilikleri näme? Näme üçin ol kemçilikleri «Ine, şu, şu kemçilik» diýip göni ýygnakda, köpüň içinde aýdyp bolanok? «Ine, şeýle kemçilik bar, şuny nädip düzedeliň?» diýip, maslahat edip bolanok?

Şol bir trafaret sözleri ulanyp, «Işde goýberilen düýpli kemçilikleri üçin» diýip, ýolbaşçy çalyşmak bilen oba hojalygyny düzedip bolmaýar. Bazarlary öz önümiňden dolduryp bolmaýar. Daşary ýurtaryň bazarlaryna gök hem bakja ekin önümlerini iberip bolmaýar.

Oba hojalygynda näme kemçilikleriň baryny aýtmagy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine rugsat bermeli. Kemçilik bolany üçin adamy işden kowmagam gerek däl. Onuň kemçiligini düzetmäge ýol salgy bermeli.

Türkmen halky zähmetsöýer

Türkmen daýhanlary-da, bagbanlary-da, maldarlary-da, umuman, türkmen halkynyň özi örän zähmetsöýer. Hatda olar «it janly» diýilýän adamlardan. Dynç almaly wagtlaram dynç alman işleýärler. Saglyklaryna seretmän işleýärler. Şunça zähmet çekselerem, soňky wagtlar olar suw gysymlap galýarlar. Olaryň bazardaky ornuny daşary ýurtlardan gelen önümler eýeleýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň prezident bolan döwründen bäri oba hojalyk tehnikalaryny örän kän satyn aldy. Haçan telewizora seretseň, daşary ýurtlardan Türkmenistanyň oba hojalygy üçin satyn alnan täze tehnikalary görüp bolýar. Ýurduň oba hojalygy üçin şeýle köp tehnika satyn alnyşyny türkmen daýhanlary sowet döwründe-de gören däldir, Nyýazowyň döwründe-de. Hakykaty her kimiň dogry aýtmagy gerek. Oba hojalygy üçinem, halk hojalygy üçinem tehnikanyň örän kän satyn alynýandygyny aýtmak gerek.

Ýöne şonda-da Türkmenistanyň oba hojalygy welin, ösüberenok. Bu näme üçin şeýlekä? Bu sowal hemmeleri geň galdyrýar. Bu sowaly Türkmenistanyň oba hojalyk işgärleriniň spesialistler bilen bile çözmegine, olaryň arasyndaky gürrüňleriň bolsa, türkmen mediasynda halka ýetirilmegine rugsat bermeli. «Aýbyny ýaşyran aýňalmaz» diýilýär. Aýbyňy bukup, tankytdan gaçyp, ýolbaşçylary täzelemek ýoly bilen hiç bir zady düzedip bolmaz. Keseden maslahat berendenem gaty görmeli däl. Gerek bolsa, bütin dünýeden maslahat soramaly. Her etmeli-hesip etmeli, maksadymyz ýurdy düzetmek bolmaly.

Rozymyrat Ödäýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG