Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärendeçilere girdeji pullary berlip başlandy


Türkmenistanyň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan pagtany kärende hojalyklarynda ösdürip ýetişdirmegiň ýola goýlanyna köp ýyllar boldy. Kärende hojalyklary hakyky bazar ykdysadyýetiniň ýoly hasaplanýar.

Häzirki döwürde kärendeçilik daýhanyň öz şahsy işi bolup durýar. Daýhanlar ýeri kärendesine öz islegine görä alýarlar. Islän adam kärendesine ýer alýar, islemedikler alanoklar. Olar öz hojalyklarynyň işi bilen boluberýärler. Olara pagtany «ýyg» ýa-da «ýygma» diýýän adam ýok.

Garaşsyzlygyň ilki ýyllarynda kärendeçileriň işlerinde düşünişmezlikler kän ýüze çykdy. Kärendeçi daýhan köplenç ýagdaýda zähmeti üçin ujypsyz girdeýji alýardy. Soňy bilen kärendeçilikde tejribe toplandy. Kärendeçi pagtaçylar-da öz işlerinde tejribe topladylar. Aýratyn-da soňky iki ýylyň içinde kärendeçilik işi has-da düşewüntli boldy. Muňa düşünen oba adamlarynyň köpüsi pagta ekmek üçin ýer aldylar we bol hasyl kemala getirdiler.

Agyr zähmetli günler yzda galdy. Bu günler ýurduň pagtaçy kärendeçileri döwlete ýygyp tabşyran pagtalary üçin dohod - girdeji pul alýarlar.

Mary welaýatynda gowy zähmet çekip, kärende hojalygynda kemala getiren pagtalaryna berilýän pula maşyn satyn alan hojalyklar örän köp. Pagtaçylyk daýhan üçin girdejili pudaga öwrülip başlady.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG