Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň öňki başlygy: “Garaşyp, soň baha bereliň”


ÝHHG-niň ozalky ýolbaşçysy bolan Finlandiýanyň Daşary işler ministri Aleksander Stubb.
ÝHHG-niň ozalky ýolbaşçysy bolan Finlandiýanyň Daşary işler ministri Aleksander Stubb.

Ynsan hukuklarynda gowy görkezijileri bilen tanalmaýan Gazagystanyň ÝHHG-ä ýolbaşçy saýlanmagy bu halkara guramasynyň öz missiýasy bilen baglanyşykly käbir soraglary döredýär. Şu meseleler barada ÝHHG-niň ozalky ýolbaşçysy bolan Finlandiýanyň Daşary işler ministri Aleksander Stubb bilen Azatlyk Radiosy ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Stubb, Gazagystan ozalky Sowet döwletlerinden ilkinji bolup ÝHHG-ä ýolbaşçylyk wezipesine girişýär. Siz Gazagystandan şu ugurda nämelere garaşýarsyňyz?

Aleksander Stubb:
Meniň pikirimçe, bu ugurda gowy täzeliklerem bar, ýaramaz täzeliklerem. Gowy täzelik, gürrüňsiz, ilkinji gezek Merkezi Aziýa ýurdunyň ÝHHG-ä ýolbaşçylyk edýänligidir.

Meniň pikirimçe, simwoliki taýdan bu örän möhüm waka. Şeýle hem, meniň pikirimçe, Gazagystanyň häkimiýetleri bu waka örän gowy taýýarlyk gördüler. Gazagystanyň bu roly baradaky biziň umumy garaýşymyz pozitiw, ýöne, geliň, gowusy «kitaba» entek onuň daşky jilti boýunça baha bermäliň.

Şol bir wagtyň özünde-de, ÝHHG-niň iş alyp barýan köp meseleleri boýunça, hususan-da, söz azatlygy, saýlawlar we ynsan hukuklary ýaly ugurlar boýunça Gazagystanda çözülmeli meseleleriň hem bardygy hiç kim üçin gizlin zat däl. Şoňa görä, bu meselelerde Gazagystanyň öz alyp barýan işleriniň hem berk gözegçilik astynda boljakdygyny bellemelidiris. Hut şu nukdaýnazardan bu özboluşly bir täze ýolbaşçylykdyr. Ýöne, geliň, muňa biraz garaşyp, soň baha bereliň.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda Merkezi Aziýa regiony barada ýaýradylan hasabatda bu regiondaky «awtoritar režimler öz şahsy bähbitlerini iň öňdäki orunda goýýarlar we özleriniň halkara hyzmatdaşlyklaryny hem şu maksada gulluk etdirmek ugrunda hereket edýärler» diýlip bellenipdir. Siz şu bildirilýän aýyplama Gazagystana we onuň ÝHHG-däki ýolbaşçylyk roluna degişli diýip hasaplamaýarsyňyzmy?


Aleksander Stubb: Meniň çakymça, Günbataryň demokratik we kanunçylyga eýerýän nukdaýnazaryndan, elbetde, Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan hiç birem kemçiliksiz däl. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de mundan ençeme ýyl ozalkylar bilen deňeşdirilende, bu ýurtlardaky ýagdaýlaryň häzir has gowulanandygyny we olaryň ozalkylardan has gowy iş alyp barýandyklaryny men arkaýyň aýdyp biljek.

Elbetde, bu prosesleriň esasynda düýpli özgerişliklere ýetmek üçin uzak wagt gerek. Bu özgerişlikler adamlara zorluk bilen dakylmaly däl ýa-da ýokardan aşak görkezme boýunça geçirilmeli däl ahyryn. Biz oňa ädimme-ädim ýetmeli. Elbetde, şol bir wagtyň özünde-de men öz düýpli prinsiplerimize gezek gelende, orän talapgär bolmaly diýip, pikir edýärin. Şeýlelikde häzirki alyp barýan syýasatymyz – ÝHHG-niň bu ýurtlar bilen iş salşylanda ulanýany özboluşly ýumşak güýç ulanma ýaly bir zat.

Azatlyk Radiosy: Jenap Stubb, käbir analitikler häzirki wagt ÝHHG-niň uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny we gymmatlyklara eýermek meselesinde guramanyň öz içinde özboluşly bir boşlugyň emele gelendigini aýdýarlar. Siziň pikiriňizçe, hakykatdanam guramada şeýle boşluk barmy we, eger bar bolsa, bu problemany çözmek ÝHHG-niň hötde gelip biljek meselesimi?


Aleksander Stubb: Gymmatlyklar meselesinde boşlugyň bolmagy mümkin. Meniň pikirimçe, bu meselede analitikler mamla. Şol bir wagtyň özünde-de biz bu guramanyň Kanadanyň günbataryndaky Wankuwer şäherinden başlap, Orsýetiň uzak gündogaryndaky Wladiwostok şäherine çenli giň territoriýany öz içine alýandygyny we 56 ýurdy özüne birikdirýändigini hem unutmaly däldiris. Şu nukdaýnazardan, ÝHHG-däki gymmatlyklar boşlugy, aýdaly, Birleşen Milletler guramasyndaky boşlukdan uludyr diýen garaýyş bilen men hiç haçan ylalaşyp bilmerin. Sebäbi 195 ýurdy öz içine alýan BMG-däki gymmatlyklar boşlugy bizdäkiden has uludyr.

Elbetde, beýleki tarapdan, umumy gymmatlyklary tapmak ugrunda tagalla etmek ÝHHG-niň esasy maksatlaryndan biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ÝHHG-de üç sany esasy gymmatlyklar toplumynyň hemişe saklanmalydygynyň yzygiderli nygtalmagy örän möhüm bolup durýar. Şol gymmatlyklar toplumyndan biri demokratiýa, ynsan hukuklary we kanunçylyk häkimiýeti bilen iş salyşýar. Gymmatlyklaryň ýene bir toplumy howpsuzlyk bilen iş salyşýar. Ýene biri bolsa ykdysadyýet we daşky sreda bilen iş salyşýar. Gymmatlyklaryň bu üç toplumynyň üçüsem möhümdir. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de guramanyň agzalarynyň hemmesiniň Jeffersonyň ýa-da Ýewropanyň demokratiýasyna eýerýän ýurtlar däldigine hem düşünmelidiris.
XS
SM
MD
LG