Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Human Rights Watch ýyllyk hasabatyny ýaýratdy


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy halkara Human Rights Watch guramasy bu guramanyň 20-nji ýyllyk hasabatynda dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna baha beripdir.

Bu hasabatda ynsan hukuklaryny goraýjy guramalara we aktiwistlere garşy hüjümleriň soňky bir ýylyň dowamynda käbir regionlarda has-da artandygy bellenilýär.

Bu guramanyň programma direktory Lain Lewine şeýle ýaramaz görkezijileriň aýratynam käbir ozalky postsowet ýurtlarynda we Eýranda hasam artandygyny aýdýar.

Human Rights Watch guramasy öz ýyllyk hasabatynda Özbegistan bilen Eýranda ynsan hukuklaryny goraýjylaryň kanuny esassyz, eden-etdilikli tussag edilmekleriniň giň gerim alandygyny belleýär.

Şeýle hem, hasabatda Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlarda häkimiýetleriň erkin pikirli adamlara we aktiwistlere garşy galp aýyplamalary ýöňkäp, ýasama sud proseslerini ulanmak tendensiýalarynyň hem artandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG