Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şiaobonyň boşadylmagyna çagyryş edilýär


Liu Şiaobonyň öten dekabrda sud edilip, 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi Hytaýyň abraýyna halkara derejesinde zyýan ýetirdi.

Öňki uniwersitet professory Liu “Hartiýa 08” diýlip atlandyrylýan dokumenti ýazanlaryň biri. ”Hartiýa 08-de” giň gerimli syýasy reformlar talap edilýär. Kommunistik partiýa hem bu reformalaryň öz ýolbaşçylyk roluna howp salmagyndan gorkýar.

Ýaňy-ýakynda kommunistik partiýanyň dört agzasy bir açyk hatda döwleti hem partiýanyň Pekindäki ýolbaşçylaryny bu hökümi täzeden gözden geçirmeklige çagyrdylar.

“Biz, ýaşuly ýoldaşlar, demokratiýa, kanunyň häkimligi we adam hukuklary ugrunda ömür boýy göreş alyp bardyk. Indi bular bir çete itilse, onda biziň ýüregimiz hiç haçan ynjalmaz” diýip, ol hatda aýdylýar.

Bu haty ýazanlar Hytaýyň Jemgyýetçilik Ylymlary Akedemiýasynyň hormatly agzasy He Fang, partiýanyň “Halk Gündeligi” gazetiniň öňki baş redaktory Hu Jiwei, Hytaýyň resmi habar agentligi Sinhuanyň başlygynyň öňki orunbasary Li Pu, şeýle hem Sinhuanyň öňki ýokary derejeli habarçysy Dai Huang.

Bu 80-90 ýaşlaryndaky adamlar partiýa üçin hemişe göreşip gelendikleri sebäpli gaty sylanýan adamlar. Şol sebäpden hem bu ýagdaý olary häzirki ýolbaşçylaryň gazabyndan gorar diýip, umyt edilýär.

Olar hatynda: “Häkimiýetler Hytaýyň Baş kanunyny bozsalar, partiýanyň taryhyna düşünmeseler, dogry bilen ýalňyş arasynda tapawut goýman, adalatsyzlyk döretseler, onda bu biziň milletimiziň adyna çynlakaý garalyk getirer” diýilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi, şeýle hem Umberto Eko, Salman Ruşdy we Margaret Atwood ýaly meşhur edebi şahsyýetler Liunyň türmeden boşadylmagyny talap edýärler.

Öňki Çeh Prezidenti Waslaw Gawel hem ýaňy Liunyň hatyrasyna Pragada Hytaý ilçihanasynyň öňünde demonstrasiýa geçirip, Hytaý häkimiýetlerini adam hukuklary aktiwistlerini yzarlamagy bes etmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG