Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýty ýapyp, näme gazandylar?


Karikaturany çeken Mihail Zlatkowskiý.
Karikaturany çeken Mihail Zlatkowskiý.

Täze ýyl gijesi Aşgabatda ýeriň yrananyny ertesi gün iliň soňunda töweregimdäkilerden eşidip galyşym ýaly, azathabar.com saýtynyň Türkmenistanda 26-njy ýanwarda bloklanandygyny hem giç bildim.

Şol gün säher bilen dükana barýarkam, goňşym öňümden çykyp, azathabar.com-yň düýnden bäri bloklanandygyny aýtdy. Goňşymyň sözlerine men haýran galdym. Sebäbi saýta düýn özüm giripdim. Ýöne şonda-da goňşyma belli bir jogap berip bilmedim.

Şol gün wagt tapyp internet kafe baryp gördüm. Azathabar.com-a arkaýyn girdim. Dil kursum tamamlanandan soň, irden öňümden çykan goňşymyň öýüne baryp, oňa çala eşidip çatma ýykmaly däldigini aýtdym. Ol bolsa maňa öz kompýuterini açyp, internete girip, özüniň aýdýanlarynyň ýalan däldigini subut etmekçi boldy.

Goňşym www.azathabar.com diýip, ýazyp, enteri basansoň, explorer: «Во время загрузки страницы соединение с сервером было сброшено» diýip ýazdy. Goňşymyň exploreri açyp, adresi göni www.azathabar.com diýip ýazmagyna geň galmakdan ýaňa agzyma tas uçuk gaýnapdy.

«A-how, beýdip kim www.azathabar.com-a girýär?» diýip, men oňa azgyrylanymy duýman galdym. Soň men goňşyma öz usulymy görkezdim. Şundan soň saýt problemasyz açyldy.

Goňşym meniň bu usulyma haýran galdy. Meniň bolsa şol pursat ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň ýakynda: «Terroristler gaty mekir. Olar her hili pirimleri oýlap tapyp, biziň howpsuzlygymyza zeper ýetirmek isleýärler. Ýöne amerikan howpsuzlyk güýçleri terroristlerden elmydama bir ädim öňde bolmalydyr» diýen sözleri ýadyma düşdi.

Türkmen ýaşlarynyň tehnologiýada internetiň duşmanlaryndan bir ädim öňde bolmaklary Türkmenistanda azathabar.com-yň bloklanandygna garamazdan, olar öz söýgüli saýtlaryna girmekde hiç hili problema görmediler.

Türkmenistanda ýaşlar internetiň hyzmatyndan ürç edip peýdalanýarlar. MTS-iň internet hyzmatlarynyň soňky döwürde elýeterli bolup başlamagy türkmen ýaşlarynyň arasynda internetden peýdalanýanlaryň sany juda artdy.

Ýaşlar dürli saýtlar bilen gyzyklanýarlar, şol sanda azathabar.com bilen hem. Soňky döwürde ýaşlaryň arasynda bu saýta bolan gyzyklanma gün geldikçe artyp başlady. Saýtda ýazylýan obýektiw materiallara ýaşlar öz kommentariýalaryny ýazyp, aktiwlik görkezýärler.

Ýöne ýaşlar azathabar.com saýtyna diňe Proksi serwerleriň üsti bilen girýärler. Munuň hem sebäbi olar käbir kişileriň «Näme üçin bu saýta girdiň?» diýen sowaly özlerine beräýmek ähtimallygyndan gaçmak üçin şeýdýärler.

Çeşmäniň sakasynda oturyp, göwnüniň islän wagty akaryň öňüne böwet basyp bilýändirin öýdüp pikir edýän internetiň ganym duşmanlaryna Proksi serweriň nämedigini düşündirmek isleýärin.

Proksi serwer saýtlary internetden peýdalanyjyny girýän saýtyna bukup salýar. Şonuň üçinem Türkmentelekomyň käbir saýtlary bloklandygyna garamazdan, Proksi serwerleriň üsti bilen bloklanan saýtlaryň islendigine girmek bolýar.

Proksi serwer saýtlary bolsa internetde gaty köp. Diňe Google-iň özünde Proksi saýtlarynyň 30 müňden gowragy bar. Google «Proxy server» diýip yazan badyňa müňlerce usuly hödürleýär. Google-den başga-da, internetde ýene ýüzlerçe gözleg motorlarynyň baryny-da gepiň gerdişine görä agzap geçsek, artyk bolmasa gerek.

Azathabar.com-yň bloklanmagy bilen internetiň duşmanlary öz maksatlaryna ýetip bildimikä diýen sowal şu ýerde örboýuna galýar. Bu sowala, elbetde «Ýok» diýip jogap bermek bolar.

Saýty bloklanlaryň maksady türkmen ýaşlaryny bu saýta girip, alternatiw informasiýa çeşmesinden kesmek isläpdiler. Ýöne olaryň islän zady asla amala aşmady. Çünki azathabar.com-a girýän ýurduň geljegi bolan progressiw pikirli ýaşlar Proksi serwerleriň üsti bilen ýene girmeklerini dowam etdirýärler. (Olaryň köpüs-ä bu saýtyň bloklanandygyndan entägem bihabar).

Başlary tahýaly, gollary «Ruhnamaly», çäreden-çärä gatnap ýören talyplar bolsa azathabar.com bilen ozalam gyzyklanmaýardylar, indem gyzyklanarlar öýdüp umyt edemok.

Şonuň üçin internetiň duşmanlary saýty ýapmak bilen maksatlaryna-ha bir ýetip bilmediler, üstesine-de dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde biabraý boldular.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG