“Fars” habar agentligi Raasä salgylanyp, bu dokuz adama yslamy režimi agdarmaga synanyşyk edenlikde aýyplama bildirilýändigini mälim etdi. 28-nji ýanwarda şeýle aýyplama bilen iki adam dardan asylypdy.
Parižde ýaşaýan syýasy analitik Ali Keştger Radio Farda bilen söhbetdeşlikde 1979-njy ýylda amala aşyrylan rewolýusiýanyň ýyl dönüminiň öň ýany oppozisiýany syndyrmak üçin şeýle jezalaryň amala aşyrylýandygyny aýtdy: «11-nji fewraldaky dabaranyň öň ýany şeýle jezalaryň ýerine ýetirilmegi demonstrasiýa gatnaşmaz ýaly adamlaryň gözüniň oduny almak we tapdan düşürmek üçin amala aşyrylýar we hökümet bu işler bilen oppozisiýany synajak bolýar».
Dardan asylan 37 ýaşly M.Reza Ali Zamany we 19 ýaşyndaky Araş Rahmanipour ölüme höküm edilen 11 adamdan ikisidi. Olara Hudaýa garşy urşanlar diýip, günä bildirilipdi.
Birnäçe gün mundan ozal oppozision lider Musawi «Keleme» diýen internet saýty bilen söhbetdeş bolup, ýurtda höküm sürýän syýasy ýagdaý hakynda durup geçdi: «Heniz Eýranda diktatorçylyga sebäp bolup gelýän esaslaryň aradan aýrylandygyna ynanamok. Ynkylabyň başky ýyllarynda patyşalyk diktaturasyna sebäp bolan ähli esaslaryň ýumrulandygyna adamlar ynanyp başlapdylar, men-de şeýle oýlanýardym, ýöne indi men muňa ynanamok. Diktatura sebäp bolan faktorlaryň öňüniň alynmagyna garşy durýan güýçler belli. Häzir adamlar, edil patyşalyk döwründe bolşy ýaly, ýalana, galplyga we bikanunçylyga garşy aýaga galdylar, olar ýigitleriň ölüm jezasyna höküm edilmegine garşy çykyş edýärler».
Halkyň gözüni gorkuzyş
Golaýda Ahmedinejadyň tarapdary, Tähranyň baş ymamy aýatolla Jenneti hiç kime rehim etmeli däl diýip, çykyş etdi. Muňa nähili baha berýärsiňiz diýlende Musawi: «Bidüzgünçilige we galplyga goldaw berip gelýän birehim baş ymamyň, baş prokurora “sag bolsun” diýmegi üçin birnäçe adam ölüme höküm edilýär, onuň üçin esasy mesele halkyň gözüni gorkuzmak».
Musawi mundan ozal teledebatda häzirki häkimiýetiň ýalan wadalaryny tankyt edip, şeýle diýipdi: «Hawa, näme üçin ýalan sözleýärler, näme üçin galp maglumat berýärler, bu ýurduň bähbidine bolmaz, iki günläp häkimiýetde galmak üçin ýa-da bäsdeşiňi dyza çökermek üçin ýalan aýtmak dogrumy?»
Parlament bilen hökümetiň gatnaşygy barada durup geçen Musawi şeýle diýdi: «Döwletiň ähli gurluşlarynyň we olaryň dürli organlarynyň arasynda logiki gatnaşyk we kanunçylyk ýok. Häzir parlamentiň güýji hökümete ýetenok, hökümet hem eden-etdilikleri hakynda hiç kime jogap berenok».