Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awtorlyk hukugyny janlandyrmaly


Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda hususy eýeçiligiň döremegi, ylaýtada medeniýetde we sungatda döwlete degişli däl sport we biznes ugurlaryndan gazetleriň, göwrümi kiçeňkräk neşirýatlaryň, onlarça kinostudiýalaryň açylmagy awtorlyk hukugyna bolan ünsi öňkidenem güýçlendiripdi.

Ýazyjylaryň kitaplarynyň birugsat çap edilmegi, kompozitorlaryň sazynyň heňiniň ogurlanmagy we şuňa meňzeş jedelli meseleleri Türkmenistanyň awtorlyk hukugy, onuň ýeke-täk başlygy Mergen Hümmedow tarapyndan yzygider seljeriş işleri geçirilerdi.

Wagtyň geçmegi bilen hususy eýeçilikde işlän döredijilik pudaklarynyň döwlet tarapyndan goldanmanlygy sebäpli, ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň türkmen durmuşyny halkara jemgyýetçiliginden daşlaşdyrmagy, awtorlyk hukugyna bolan islegi öz-özünden aradan aýyrdy.
Döwlet syýasatyny ýöredýänler, awtorlyk hukugy diňe hususy eýeçilik bilen baglydyr öýdýärdiler. Olar alyp barýan ideologiýalaryndaky ulanylýan gurallarynda, awtorlyk hukugynyň bozulýandygyna hem üns bermeýärdiler. Muňa mysal edip Saparmyrat Nyýazowyň «Ruhnama» kitabyny görkezip bolar. Onuň aglaba sahypalary dünýä belli alymlaryň eserlerinden göçürilendigi, ýa-da onuň hamala awtorlyk eden goşgularynyň hem türkmeniň belli-belli ýaşap geçen şahyrlarynyň setirlerinden ogurlanyp alynandygy, indi, hemmäde aýan boldy. Muňa utanmaly, namys etmeli. Bu hem biriniň gapysyndan malyny ogurlap gideniňe deňdir.

Awtorlyk hukugyna häzirki zamanda diýseň uly üns berilýär. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda daşky dünýä bilen ýapyk ýagdaýda ýaşady. Intellektual eýeçiligine hormat goýmak, ony gorap saklamak prinsipleri unudyldy. Ýogsam dünýäde bu ugur boýunça birnäçe resmi kanunlar, konwensiýalar hereket edip gelýärdi. Olardan «Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy», 1967-nji ýylda Parižde kabul edilen «Senagat eýeçiligini goramak hakyndaky» konwensiýa, 1971-nji ýylda Bernde kabul edilen «Edebi we çeper eserleri goramak hakyndaky» konwensiýa, 1961-nji ýylda Rimde kabul edilen «Ýerine ýetiriji artistleriň, ses fonogramma ýazgylaryny döredýänleriň, hem-de radio gepleşikler guramasynyň hukugyny goramak hakyndaky» konwensiýa we 1989-njy ýylda «Integral mikroshemasyna intellektual eýeçiligiň bolan gatnaşyklary hakyndaky» Waşington şertnamasyny görkezmek bolar.

«Ir turan işinden dynar»

Türkmenistan hökümeti hazir açyk gapylar syýasatyny yglan etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda halkara Awaza turistik merkeziniň döredilmegine girişýänligini jar etdi. Beýle çagyryşlar, elbetde, Türkmenistanyň daşarky dünýä bilen ýakyn gatnaşykda bolup işlejekdigini görkezýär. Bu hem Türkmenistanyň ýokarda agzap geçilen halkara konwensiýalarynyň kabul edilmegine we olaryň ýurduň içinde doly ýöredilmegine getirer. Sebäbi açyk gapylar syýasaty diňe yglan edeniň bilen açyk bolmaýar. Onuň üçin halkara derejesine gabat gelýän kanunlaryň bolmaly. Ine, diňe şu ýagdaýy döredeniňden soň, ýurduň içine daşary ýurt maýalary hem gelip başlaýar.

Hazir şol halkara konwesiýalaryň resmileşdirilmegine garaşyp oturman, şu günden başlap, onuň düzgünlerini durmuşa girizmeli. Ýogsam ýetmezçilikler günsaýyn artýar. Biziň durmuşymyzda şol düzgünlere gabat gelmeýän hereketler, esasan hem türkmen telewideniýesinde, radiosynda, gazet-žurnallarynda kän düş gelýär. Bu ýetmezçiligi aradan aýyrmak üçin ýörite döredijilik komissiýalaryny döretmeli. Türkmen estrada aýdymçylarynyň aýdymlaryny, radio-telewideniýäniň ýaýlymyna berilmezden öň, ýörite kompozitorlardan düzülen komissiýadan barlagdan geçirmeli. Ýagny, aýdymçy öz ýerine ýetirýän aýdymlarynyň awtorynyň barlygyny subut etmeli. Eger onuň aýdýan aýdymynyň sözi we sazy belli bolmasa, ýa-da ol goňşy döwletleriň sazlaryndan ogurlanan bolsa, onda beýle aýdym ýaýlyma berilmeli däldir.

Telewideniýede hem görkezilýän daşary ýurt filmleriniň ýörite halkara rugsatnamasy bolmaly. Gynandyrýan zat hem, şol filmler rugsady bolmazdan ýaýlymda görkezilýär. Bu hem Türkmenistan hökümetiniň halkara arenasynda abraýny gaçyrýar we konwensiýalar kabul edilen wagtyndan soň beýle ýagdaýlar uly jerimeler tölemek bilen tamamlanar.

Öňki SSSR-e girýän döwletleriň birnäçesi ykdysady ýagdaýlaryny öňkiden hem ösdürmek maksady bilen «Bütindünýä Söwda Guramasyna» agza boldular. Türkmenistan hem geljekde bu guramanyň agzasy bolmaly. Guramanyň talap edýän düzgünleriniň biri hem «intelektual eýeçiligi goramakdyr». Şol eýeçiligi gorap saklamak üçin, ýurduň halkara abraýny galdyrmak üçin, bu işi soňa goýmaly däl. «Ir turan işinden dynar» diýilşi ýaly, ir başlasak, işimizden dynarys.

Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG