Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan polisiýasynyň komandiri tussag edildi


Owganystandaky NATO güýçleri owgan polisiýasynyň bir komandiriniň ýol ýakalarynda bomba goýýan toparyň agzasy hökümende tussag edilendigini aýdýar.

Assoşeýted pres ol adamyň Kabulyň demirgazygyndaky Kapisa welaýatynyň polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Ataulla Wahabdygyny aýdýar.

Ýaýradylan beýanatda aýdylmagyna görä, ol Talyban tarapyndan ulanylýan bombalary saklamak, paýlamak hem goýmak bilen ilteşikli bolupdyr.

Şeýle-de onuň parahorlukda, korrupsiýada eliniň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG