Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda Farda radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän 7 adam tussag edildi


Düýn Eýranyň döwlet mediasy Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Farda bölümi bilen hyzmatdaşlyk edýän adamlardan 7-siniň tussag edilendigini habar berdi.

Eýranyň habar serişdeleri bu tussag edilenlerden käbirleriniň Birleşen Ştatlaryň gizlin gulluklary bilen hyzmatdaşlyklarda aýyplanýandyklaryny habar berýär.

Düýn Eýranyň döwlet radiosy we resmi IRNA habar agentligi bu tussag edilenleriň geçen dekabrda Tähranda gurnalan hökümete garşy demonstrasiýalara meçew bermekde möhüm rol oýnandyklary barada maglumat ýaýratdylar. Ýöne bu tussag etmeler barada Eýranyň hökümeti häzirlikçe anyk resmi beýanat ýaýratmady.
XS
SM
MD
LG