Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Finlandiýanyň prezidenti Baltika deňzini halas etmäge çagyrýar


Finlandiýanyň prezidenti Tarýa Halonen Baltika deňziniň arassalanmagy üçin gyssagly çäre gärmäge çagyrdy.

Halonen bu çagyryşy dünýäniň iň hapalanan deňizleriniň birini halas etmek baradaky regional sammitiň açylyşynda etdi. Bu sammite Daniýanyň, Şwesiýanyň, Polşanyň, Germaniýanyň, Latwaiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň prezidentleri bilen bile Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin hem gatnaşýar.

Şeýle-de bu sammite Şwesiýanyň patşasy Karl XVI gustaf gatnaşýar.

Baltika deňzi onlarça ýyl bäri zäherli galyndylaryň, nebitiň, hajathana suwlarynyň we beýleki taşlandylaryň dökülmeginden ejir çekýär.
XS
SM
MD
LG