Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda metbugatyň ýagdaýy üýtgemedi


11-nji fewralda Halkara metbugat instituty 2009-njy ýylda Dünýäde metbugat azatlygy boýunça hasabat ýaýratdy.

Wenada ýerleşýän guramanyň dünýä ýurtlarynda metbugatyň ýagdaýyna baha berýän hasabatynda aýdylyşyna görä, geçen ýylyň dowamynda 110 žurnalist heläk boldy, 2009-njy ýyl soňky onýyllykda žurnalistler üçin iň erbet ýyl boldy.

Dünýäde metbugat azatlygy boýunça täze hasabata görä, hatda Yrakdaky uruşda zorluk iň güýçli derejesine ýeten 2006-njy ýylda-da dünýäde heläk bolan žurnalistleriň sany 46 adamdan ybarat bolupdy.

Halkara metbugat institutynyň dünýäde metbugat azatlygy boýunça ýaýradan täze hasabatynyň redaktory Anthony Mills soňky onýyllygyň mundan ozalky döwürlere meňzeş bolman, Yrak, Owganystan, Somali we Pakistan ýaly ýurtlarda žurnalistleriň bilkastlaýyn öldürilmegi bilen tapawutlananlygyny aýtdy.

Şeýle ýagdaýyň konflikletler barada habar berilmegini çäklendirip, çylşyrymly wakalara düşünmekde boşlugyň emele gelmek howpunyň döremegine sebäp bolanlygyny A.Mills belledi.

Halkara metbugat institutynyň hasabatynda uruş bolmadyk ýurtlarda-da ýylyň dowamynda metbugat azatlygyna edilen basyşlar barada habar berilýär. Hususan-da, Eýran dünýäde žurnalistlere iň zulumkeş ýurt hökmünde häsiýetlendirilýär.

Maglumatda ýurduň baş ruhanysy aýatolla Ali Hameneiniň baştutanlygynda Eýranyň köpçülikleýin habar serişdelerine garşy repressiw syýasatyň alnyp barlanlygy, 2009-njy ýylda Eýranda gapma-garşylykly prezidentlik saýlawlaryndan soň 100-den gowrak žurnalistiň we internet blogçylarynyň türmä basylanlygy aýdylýar.

Türkmenistan hem agzalýar


Hasabatda metbugat azatlygyna ýol bermeýän ýurtlaryň hatarynda Türkmenistan hem agzaldy. 2000-2009-njy ýyllar aralygynda dünýäde heläk bolan žurnalistleriň sany barada hasabatda berlen maglumata görä, on ýyla golaý wagtyň dowamynda, hususan-da, Owganystanda - 19, Orsýetde - 35, Ukrainada - 5, Täjigistanda - 1, Gazagystanda -2, Gyrgyzystanda - 2, Türkmenistanda - 1 žurnalist häläk bolandygy aýdylýar, Özbegistan barada maglumat berilmedi.

“Serhetsiz reportýorlar guramasyndan Elsa Widalyň sözlerine görä, žurnalistler we ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan Türkmenistandaky ýagdaýa baha berlende, adatça, sähelçe maglumat we ujypsyz sanlar bilen çäklenilmegi ýagdaýyň beýleki ýurtlara garanda ganymatdygyny aňlatmaýar, bu ýurduň ýapyklygyndan habar berýär: “Sebäbi ýurt örän ýapyk. Näçe adamyň, näçe syýasy tussaglaryň we žurnalistleriň türmede saklanýanlygyny, näçe adamyň yzarlanýanlygyny anyklamak kyn. Bu ýurtda informasiýanyň çäklendirilýänligini we ýurduň ýapyklygyny görkezýär”.

Elsa Widal, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň maglumatyna görä, şu günki gün žurnalist Annagurban Amangylyjowyň we graždan aktiwisti Sapardurdy Hajyýewiň türmede saklanýanlygyny, 2006-njy ýylda Fransiýanyň telewideniýesiniň Türkmenistan barada film almagy bilen baglylykda Amangylyjow we Hajyýew bilen bilelikde tussag edilen we soň türmede heläk bolan žurnalist Ogulsapar Myradowanyň işiniň garaşsyz derňew edilmän galýanlygyny belledi.

Žurnalistleri goraýjy “Serhetisiz reportýorlar” guramasynyň wekili Elsa Widal Türkmenistanda ýerli habar serişdeleriniň žurnalistleri her sapar işden boşadylanlarynda, tussag edilmek howpuna duçar bolýarlar diýip, hasap edýär.

Milli habar serişdeleriniň işi ýazgarylýar

Ynsan hukuklaryny we žurnalistleri goraýjy halkara guramalaryň hasabatlarynda özgerişlikler syýasatyny yglan edýän Türkmenistanda garaşsyz metbugata, raýatlaryň söz we pikir azatlygyna ýol berilmeýänligi, ýerli habar serişdeleriniň döwletiň doly gözegçiligi astynda galýanlygy bellenilýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýerli habar serişdeleriniň işinden nägilelik bildirmegi dowam etdirýärler. 5-nji fewralda “Türkmenistan” telekanalynyň başlygy Annamyrat Annaýew işinden boşadyldy. resmi maglumatlarda onuň işini prezident G.Berdimuhamedowyň ýazgaranlygy we Milli habar serişdelerindäki ýagdaýyň düzedilmegini talap edenligi aýdyldy. Kemçilikleriň nämeden ybaratdygy barada bu gezegem ýerli habar serişdeleriniň maglumatlarynda hiç zat aýdylmady.
XS
SM
MD
LG