Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inguş häkimiýetleri parahat ýaşaýjylaryň ölümini tötänlik atlandyrýar


Orsyetiň adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkezi Inguşystanyň Çeçenistan bilen serhedine golaý ýerinde geçirilen ýörite operasiýanyň gidişinde parahat ilatdan dört adamyň ölümi barada ýaýradylan resmi maglumata şübhe bildirdi.

Guramanyň internet saýtynda çap edilen beýannamada “wakany gözi bilen görenlerden pikir soralanda, garaşylmadyk ýagdaýda hem ýakyn aralykdan adamlaryň atylandygy belli boldy” diýilýär.

Tokaý sarymsagyny ýygmak üçin Çeçenistanyň Açhoý-Martan etrabyndan gelen 200 adamyň ýekejesine-de ýörite operasiýanyň geçirilýändigi duýdurylmandyr.

Inguş häkimiýetleri parahat ýaşaýjylaryň ölümini tötänlik atlandyrýar.

Resmi maglumata görä, inguş obalary Dattyhyň hem Artyşyň töwreginde, tokaý massiwinde geçirilen kontrterroristik operasiýanyň netijesinde bärsinden 18 söweşiji öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG