Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň daşary işler ministri Tähranda


Eýranyň daşary işleri ministri Manuçehr Mottaki (sagda) we Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Tährandaky metbugat konferensiýasynda, 16-njy fewral.
Eýranyň daşary işleri ministri Manuçehr Mottaki (sagda) we Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Tährandaky metbugat konferensiýasynda, 16-njy fewral.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly şu gün Tährana eden bir günlük saparynda Eýran resmileri bilen duşuşýar. Maksat Yslam respublikasynyň ýadro programmasy baradaky dawa-jenjele bir çözgüt tapmak.

Eýran halkara arkalaşygyny öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksada gönükdirilendigini ynandyrmak üçin goňşusy Türkiýeden kömek sorady.

Tähran bilen oňat aragatnaşyk saklaýan NATO-nyň agzasy Ankara hem Günbatar bilen Eýranyň arasyndaky dawanyň mümkin bolan bir çözgüdi hökmünde Eýranyň ýadro materialynyň Türkiýede saklanylmagyny teklip etdi.

Bu çözgüt mümkindi, ýöne öten hepde Eýranyň medisina barlaglary reaktorynda ulanmak üçin 20 prosent baýlaşdyrylan urany öndürip başlajakdygyny aýtmagy dartgynlylygyň artmagyna sebäp boldy.

14-nji fewralda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan: “Ankaranyň araçylyk etmek üçin ençeme aýlap alyp baran tagallalary indi netije bermeli” diýdi.

Häzir Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Eýranyň garşysyna Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýalarynyň dördünji tapgyryny girizmek üçin regiondaky döwletleriň goldawyny gazanmaga synanyşýar. Dawutoglunyň sapary hem edil şu wagta gabat gelýär.

Harby diktatorçylyga tarap

Hanym Klinton 15-nji fewralda Katarda eden çykyşynda: “Eýran harby diktatorçylyga tarap barýar. Regionyň onuň ýadro programmasyndan gorkmagyna munuň özi bir delil” diýdi.

Klinton soňra: “Biz Eýranda hökümetiň Ýokary dini ýolbaşçynyň, prezidentiň we parlamentiň orunlarynyň çalşylýandygyny, Eýranyň harby diktatorçylyga tarap barýandygyny görýäris” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Şu gün çykarylan bir beýannamada Eýranyň daşary işleri ministri Manuçehr Mottaki hem muňa jogap berip: “Harby diktatorçylygyň hakyky alamaty Birleşen Ştatlaryň Owganystanda, Yrakda we Liwanda alyp barýan syýasaty, parahat, bugünä adamlary öldürmegi” diýdi.

Klinton 15-nji fewralda Saud Arabystanynda Tähranyň halkara arkalaşygyna öz garşysyna çäre görmekden başga ýol goýmaýanlygyny aýtdy: “Eýran bilen iş salyşmakda halkara raýdaşlygy örän ähmiýetli. Eýrana alyp barýan ugruny üýtgetdirmek üçin täze çäreleri ýola goýmakda biz regiondaky ýaranlarymyz, şeýle hem halkara partnýorlarymyz bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris”.

Duşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýähu hem Moskwada prezident Medwedewden Eýranyň energiýa sektoryna garşy gönükdirilmeli sanksiýalary goldamaklygy sorady.

Orsýet köp wagtdan bäri Eýran bilen aragatnaşyk saklaýar. Tährana Buşehrde ilkinji atom elektrik stansiýasyny gurmaga kömek eden hem Moskwa.
XS
SM
MD
LG