Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Görnükli gazak ýazyjysy Muhtar aga 70 ýaşady


Görnükli gazak ýazyjysy Muhtar Magauin 70 ýaşady.

Muhtar Magauin
1940-njy ýylda dünýä inen Muhtar Magauin uly durmuş hem döredijilik ýoluny geçdi. Ol häzirki zaman gazak edebiýatynyň Abaýdan hem Muhtar Auezowdan başlanyp gaýdýan beýik däplerini dowam etdirdi.

Ol geçen asyryň ikinji ýarymyndaky gazak halkynyň oba durmuşyny örän dogruçyl açyp görkezmegi başardy. Taryhy romanlarynda bolsa gazak halkynyň, şeýle-de sähra şertlerinde ýaşaýan tutuş çarwa halklaryň gaýduwsyz hem göreşli durmuşyny beýan etdi.

Şol wagtda şäher durmuşy hem onuň nazarynda boldy. Sebäbi bizde şäher bilen oba durmuşynyň arasynda mydama üzňelik boldy hem belli bir çäkdäki psihologiki tapawutlar saklanyp geldi.

Muhtar Magauin şol tapawudyň nämelerden ybaratdygyny görkezdi. Soňky ýyllarda ol gazak halkynyň durmuşynda bolan düýpli sosial özgerişlikleri, bazar ykdysady gatnaşyklarynyň döremegi bilen adam häsiýetiniň üýtgemegi, birden gelen ýeňil baýlygyň adamy nähili özgerdip biljekdigi baradaky psihologiki öwrülişigi hem pikir-garaýyşlary beýan etdi. Şeýlelikde, ol tutuş gazak durmuşynyň düýnüniň hem şu gününiň çeper beýanyny ýazdy.

Eserleri we döredijiligi

Ol Gazagystanyň halk ýazyjysy boldy hem Gazagystanyň döwlet baýragyny aldy. Onuň hyzmaty “Türk dünýäsiniň öňündäki hyzmaty üçin” diýen Halkara baýraga mynasyp boldy. Onuň eserleriniň birnäçesi rus, ukrain, belorus, gyrgyz, çeh, slowak dillerine terjime edildi.

Olardan “Şahan şiri”, “Gök ümür”, “Sary gazak”, “Men” hem “Ýarylmak” romanlaryny, “Bulaşyk döwür” taryhy roman-dialogiýasyny, “Tazynyň ölümi”, “Bir atanyň ogullary”, “Ýylan tomsy”, “Söýgi hakda beýt”, “Çapyksuwaryň täleýi”, “Gijeki myhmanlar” powestlerini hem “Tulymhanyň bagty”, “Arhiw taryhy”, “Çabga”, “Gurjak” ýaly ençeme hekaýalaryny ýatlamak bolar. Gazak dilinde Muhtar Magauiniň eserleriniň 13 tomlugy neşir edildi. Häzir onuň eserleriniň 17 tomlugy çapa taýýarlanýar.

Muhtar Magauin gazak edebiýatynyň taryhyny öwrenji hökmünde hem belli alymlaryň biri hasaplanýar. Bu ugurda onuň rus dilinde çap edilen “Kopyz we naýza” diýen işi öz döwründe örän gymmatly bolupdy.

Ol Gete barada kitap ýazdy. Konfusiniň filosofiki eserlerini gazak diline terjime etdi. Belli neşirýatçylaryň biri boldy hem 20 ýyllap edebi-çeper “Žulduz”, ýagny “Ýyldyz” žurnalynyň baş redaktory boldy.

Türkmenler üçinem gymmatly

Muhtar Magauin türkmen intelligensiýasynyň hem türkmen edebiýatynyň ýakyn dostlarynyň biridir. Ol neşirýatçy wagtynda türkmen edebiýatynyň gazak diline terjime edilmegine öz täsirini ýetirdi.

Ol aýaratyn-da çarwa durmuşyny, olaryň sosial-ykdysady şertlerini ýakyndan bilýän ýazyjy hökmünde türkmenler üçinem örän gymmatly ýazyjy bolup durýar. Eger biz öz iň ýakyn taryhymyza seretsek, 30-njy ýyllarda ýurtda açlyk bolandygyny bilýärdik. Ýöne onuň sebäpleri barada bizde düýpli bir zat ýazylmady.

Muhtar Magauiniň eserleri ol açlygyň esasy sebäplerini düşündirdi hem munuň çarwalara näme üçin güýçli täsir edendigini aýtdy. Sebäbi çarwalaryň malynyň elinden alynmagy, olaryň rysgalynyň doly diýen ýaly kesilmegine sebäp bolupdy.

Şeýlelikde, Muhtar Magauin taryhy wakalary beýan edeninde, biziň halkymyzyň hem geçmişini suratlandyrýar. Sebäbi sähra halklarynyň taryhy hem, takdyry hem meňzeş bolupdyr. Şonuň üçin Muhtar Magauiniň eserleri türkmenler üçinem gymmatlydyr.
XS
SM
MD
LG