Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nowaýydan terjimeler


KYTALAR

Äleme indiňmi – algy etjek bol,
Bergi edip gitmek ynsana geňdir.
Dünýäden işiňi bitirmän gitmek
Hammamdan ýuwunman çykana deňdir.

Ýazýan adam oňarmasa kärini
Galamyny alyp, döwmek lazymdyr.
Başyn iki bölüp döwedi ýaly,
Ýüzün syýa bilen ýuwmak lazymdyr.

Ýazan zatlaryndan bir tanap işip,
Elin daňyp, ilden kowmak lazymdyr.

Dünýäde kän bolýar adam nejisi,
Şolardan üçüsi men üçin mälim.
Biri samsyk paşşa, biri husyt baý,
Üçünjisi bolsa – pul söýýän alym.

Sen asylly adam. Akylly adam,
Deňsiz-taýsyz adam. Il üçin doglan.
Seret, bary-ýogy iki setirde
Sen hakda sözledim dört sany ýalan.

RUBAGY

Göz bilen gaşyň ýagşy, gabagyň ýagşy,
Ýüz bilen sözüň ýagşy, dodagyň ýagşy,
Eňekde halyň ýagşy, ýaňagyň ýagşy,
Bir-bir nädip sanaýyn; başdan aýagyň ýagşy.

GAZAL

Gözýaş dökdüm – ýylgyrmadyň sen asyl.
Geçdiň gitdiň – gaňrylmadyň sen asyl.

Aýralyga nälet okap gygyrdym,
Kän gygyrdym – öwrülmediň sen asyl.

Hasratymdan külli jahan yrandy,
Bir zerrelik tolgunmadyň sen asyl.

Hoş sözüňe kän garaşdym. Emma hiç
Meni küýsäp, sagynmadyň sen asyl.

Söýgi-söýgi, sen nähili belent zat,
Kaddyň büküp, egilmediň sen asyl.

Ýüregime gylyç sokduň keç pelek,
Mähriň berip ýylgyrmadyň sen asyl.

Senden ýaňa gün görmedi Nowaýy,
Senden ýaňa aýňalmadym men asyl.

Terjime eden Kerim GURBANNEPESOW.
XS
SM
MD
LG