Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da Atom elektrik stansiýasynyň gurluşygy başlanar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-da soňky 30 ýylda ilkinji atom elektrik stansiýasyny gurmak üçin, çak bilen 8 milliard dollar goýberilýändigini yglan etdi.

Atom elektrik stansiýasynyň Jorjiýa ştatynda başlanjak gurluşygynda müňlerçe adamyň işlejekdigini, stansiýanyň özüniň bolsa 800 gowrak spesialisti iş bilen üpjün etjekdigini prezident belledi. Ol sözüni dowam etdirip, ýene şeýle diýdi: “Elektrik energiýasyna ösýän islegleri kanagatlandyrmak hem klimat şertleriniň ýaramaz netijelerinden gaça durmak üçin biz Atom elektrik stansiýasynyň işläp çykarýan energiýasyndan peýdalanmaga mejbur bolýarys. Şeýle stansiýalaryň ýekejesi howa giňişligine goýberilýän hapany bir ýylda 16 million tonna azaltmaga ýardam eder. Bu diýildigi, ýollarda 3,5 million awtomobil gatnamasyny bes etdi diýmekdir”.
XS
SM
MD
LG