Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Bolşewikleriň jenaýatlary derňelermi?


Bolşewik komitetiniň ofiseri wagtlaýyn hökümetiň agzalaryna duýduryş berýär. Surat 1917-nji ýylyň 7-nji noýabrynda çekilen.
Bolşewik komitetiniň ofiseri wagtlaýyn hökümetiň agzalaryna duýduryş berýär. Surat 1917-nji ýylyň 7-nji noýabrynda çekilen.

Penşenbe güni Moskwanyň bir sudunda özüni patyşalyk tagtynyň mirasdüşeri diýip atlandyrýan Gersog Maria Wladimirowna bilen Baş prokuraturanyň arasyndaky dawa boýunça diňlenişik başlandy.

Wladimirownanyň prokuraturanyň garşysyna suda ýüz tutmagyna sebäp bolan zat öten ýyl Orsýetiň iň soňky patyşasy Nikolaý II-njiniň we onuň maşgalasynyň 1918-nji ýylda bolşewikler tarapyndan öldürilmegi boýunça derňew işleriniň ýapylmagy. Prokuratura bu işde aradan köp wagtyň geçendigini aýdýar.

Madridde doglan 56 ýaşly Maria Wladimirowna: “Bu jenaýat işine garamagyň dowam etdirilmegi Orsýetiň ganly sowet geçmişinden dynmagy üçin zerur” diýýär.

Bu dawanyň özenini emele getirýän “Orsýetiň iň soňky patyşasynyň öz maşgala agzalary bilen birlikde öldürilmegine bir adaty jenaýat diýip garamalymy ýa-da ol syýasy sebäbe görä berlen ölüm jezasymy?” diýen sorag.

“Baş prokurorlyk bu jenaýat işini derňemegi goýbolsun etmegini patyşa maşgalasy adaty jenaýatyň pidasy boldy diýmek bilen delillendirmegini dowam etdirýär” diýip, Moskwada Maria Wladimirownanyň ýolbaşçylygyndaky “Orsýetiň Patyşalyk öýi” diýilýäniň býurosynyň sözçüsi Aleksandr Zakatow aýdýar.

Nikolaý II 1918-de öldürildi

Nikolaý II-njini aýaly we 5 çagasy bilen birlikde 1918-nji ýylyň iýulynda bolşewikler atyp öldüripdiler. Tutuş sowet döwründe hem patyşa maşgalasyna “halk duşmany” diýen tagma basyldy.

Wladimirowna häzir 1918-nji ýylda öldürilen Romanowlar maşgalasynyň beýleki agzalarynyň hem hukukynyň dikeldilmegi ugrunda göreşýär.

Zakatowyň garaýşyça, Orsýet öz geçmişi bilen arasyny belli etmeli: “Syýasy repressiýa uçran adamlaryň hukugyny dikeltmek baradaky kanunda syýasy repressiýadan pida çekenleriň hemmesiniň hukugynyň dikeldilmegi aýdylýar. Gürrüňi edilýän patyşamy, daýhan ýa işçi, tapawudy ýok. Totalitar režim millionlarça adamyň başyna ýetdi”.
Biz ondan pida çekenleriň hemmesiniň hukugyny dikeltmesek, terror ýatmaz.


Zakatow olaryň barynyň hukugy dikeldilmeldigini aýdýar. “Biz ondan pida çekenleriň hemmesiniň hukugyny dikeltmesek, terror ýatmaz”.

Ýöne Romanowlar maşgalasynyň agzalarynyň arasynda bu pikire goşulmaýanlar-da bar.

“Olaryň hukugyny nämeden dikeltjek. Olar sud tarapyndan günäli tapylanok. Patyşa, onuň aýaly we çagalary rehimsizlik bilen öldürildi. Men olaryň hukugynyň dikeldilmeginde bir peýdanyň bardygyny göremok” diýip, 87 ýaşly şazada Nikolaý Romanow aýdýar.

Romanow nämeleriň bolandygyny hemmeleriň bilýändigini öňe sürýär. “Ýöne munuň häzirki durmuşa täsiri ýok. Orslary gyzyklandyrýan zat – asuda ýaşap, işli bolmak, çagalara gelejekde näme zatlaryň garaşýanlygyny bilmek”.
XS
SM
MD
LG