Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa karz beriljekdigi baradaky maglumatlary Ýewrokomissiýa ret edýär


Şu gün Ýewropa Komissiýasy agyr kynçylyklary başdan geçirýän Gresiýanyň ykdysadyýetini dikeltmek üçin bu ýurda 20-25 milliard ýewro möçberinde ýardam bermekligiň göz öňünde tutulýandygy barada peýda bolan maglumatlary ret etdi.

Hepdäniň şenbe güni Germaniýanyň «Der Şpigel» gazeti Ýewropa Bileleşiginiň Gresiýa şeýle maliýe ýardamyny bermekçidigi barada maglumat çap edipdi.

Ýöne Ýewropa Komissiýasynyň metbugat sekretary Amadeu Altafadj Gresiýa tarapyndan maliýe kömegi barada hiç hili haýyşyň bolmandygyny belläp, bu ýurda häzirklikçe hiç hili maliýe ýardamyny bermekligiň planlaşdyrylmaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG