Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýa Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agzalygyny goldaýar


Ispaniýanyň premýer-ministri Joze Luis Zapatero 22-nji fewralda eden çykyşynda, Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agzalygyny Madridiň berk goldaýanlygyny aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen bilelikde Madridde geçiren metbugat ýygnagynda, Zapatero Ispaniýanyň ÝB-ne ýolbaşçylyk edýän häzirki döwründe Ýewropa Bileleşigine agzalyk boýunça Ankaranyň alyp barýan gepleşiklerinde öňe gidişligiň boljakdygyna öziniň ynamynyň bardygyny hem aýtdy.

Ispaniýa Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agzalygyny berk goldaýan ýewropaly ýurtlardan biridir. Emma Fransiýa we Germaniýa Ankara “aýratyn hyzmatdaş” statusynyň teklip edilmegini goldap çykyş edýärler.
XS
SM
MD
LG