Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Ýewropa Bileleşigini biynjalyk edýär


Ýewroparlamentiň prezidenti Jerzi Buzek (çepde) Belarusdaky Polýaklar Bileleşiginiň ýolbaşçysy Anjelika Borisi (sagda) we Belursiýanyň oppozisiýa lideri Alýaksandr Milinkewiçi kabul edýär, 23-nji fewral, 2010-njy ýyl.
Ýewroparlamentiň prezidenti Jerzi Buzek (çepde) Belarusdaky Polýaklar Bileleşiginiň ýolbaşçysy Anjelika Borisi (sagda) we Belursiýanyň oppozisiýa lideri Alýaksandr Milinkewiçi kabul edýär, 23-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Belarus Ýewropa Bileleşiginiň ýygnanyşygynyň gün tertibinde ýene-de ýokary orny eýeledi.

Minskiniň bu ýurtda ýaşaýan 400 müň töweregi polýaga soňky wagtlarda gysyş görkezmegini artdyranlygy Polşany biynjalyk edýär. Bu günki maslahatda bu meselä garalmagyna hem Polşanyň haýyşnamasy sebäp boldy.

Polşa öten hepde Ýewropa Bileleşiginiň beýleki agzalaryna hat ýollap, Belarusyň Bileleşik bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak baradaky niýetini sorag astyna aldy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Katherine Aşton hem öten hepde “Belarusyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşygy howp astynda” diýip, beýannama ýaýratdy.

Ýewropa Bileleşigi Belarus ýolbaşçylarynyň garşysyna girizilen wiza gadagançylygyny ýaňy-ýakynda wagtlaýyn togtatdy. Şeýle hem bu ýurdy ”Gündogar Hyzmatdaşlygy Programmasyna” aldy.

Ýewropa Bileleşigine agza döwletler Belarusa Bileleşigiň gündogar ganatyny Orsýetiň barha artýan täsirinden goramakda möhüm ýurt hökmünde garaýar.

Gün tertibiniň beýleki meseleleri

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň pikir alyşjak ýene bir meselesi-de Ukrainadaky ýagdaý. Bileleşigi bu ýurduň ykdysady ýagdaýy aladalandyrýar. Şol sebäpden hem olar Kiýewi Halkara pul fondy bilen gepleşikleri dowam etdirmäge çagyrýarlar. Ukraina üçin göz öňünde tutulan alty milliard dollarlyk kömegiň goýberilmegi üçin blogyň öňde goýýan şertleriniň biri şol.

Owganystan barada hem Bileleşigiň ministrleri ýurduň yza süýşürilip, 18-nji maýa bellenen parlament saýlawlaryna taýýarlyk işlerini gözden geçirer. Bu saýlawlar üçin Owganystana 120 million dollar pul gerek.

Birleşen Ştatlar munuň üçin käbir zatlary talap edýär. Bularyň biri Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň ýolbaşçylarynyň käbiriniň çalşylmagy, şeýle hem saýlaw baradaky şikaýatlara garaýan komissiýanyň içinde halkara wekilleriniň-de bolmagy.

Käbir ýurtlar, şol sanda Fransiýa, prezident Hamid Karzaý bu talaplary äsgermezlik eder diýip howatyrlanýarlar.

Ýewropa Bileleşiginiň Eýran baradaky bu günki maslahatyndan bir anyk netijä garaşylanok. Sebäbi Bileşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň bu barada näme karara geljekdigi entek belli däl. Ýöne agza döwletler Halkara arkalaşygynyň uranyň Eýrandan daşarda baýlaşdyrylmagy baradaky teklibini kabul etmedik ýagdaýynda Tähranyň garşysyna girizilen sanksiýalary güýçlendirmäge özleriniň taýyndyklaryny aýdýarlar.

Aýtmaklaryna görä, diplomatlary gaty aladalandyrýan ýene bir zat hem Eýranda oppozisiýanyň tarapdarlaryna görkezilýän basyş.
XS
SM
MD
LG