Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Watan goragçylarynyň güni bellenilýär


Şu gün Orsýetde Watan goragçylarynyň güni dürli baýramçylyk çäreleriniň hem syýasy aksiýalaryň geçirilmegi bilen bellenilýär.

Moskwanyň merkezinde Kommunistik partiýanyň we beýleki syýasy partiýalaryň birnäçe müň wekili ýygnanyşyp, rus goşununyň goragyna ýörite miting geçirýärler.

“Ýabloko” atly syýasy partiýanyň wekilleri ýurduň Goranmak ministrliginiň binasynyň öňünde harby pensionerleriň hukuklarynyň goragyna rugsat berilmedik piket geçirýär diýip, bu partiýanyň lideri Sergeý Mitrohin Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Moskwanyň hukuk goraýjy guramalary tertip-düzgüne gözegçilik etmek maksady bilen 3 ýarym müňe golaý milisiýa gullukçylarynyň hem esgerleriň şäheriň köçelerine çykarlandygyny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG