Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: “NATO ýewropaly agzalar sebäpli krizise uçraýar”


ABŞ-nyň Goranmak sekretary Robert Geýts NATO-nyň krizise uçraýandygyny aýdyp, muňa Ýewropada ýerleşýän NATO ýurtlarynyň sebäp bolýandygyny belledi.

Demirgazyk Atlantik Alýansynda örän “wajyp we wagtal-wagtal gaýtalanýan uzak möhletleýin” kynçylyklaryň ýüze çykmagyna Ýewropa ýurtlarynyň öz harby goşunlaryna ýeterlik serişde sarp etmeýanligi sebäp bolýar diýip, Robert Geýts Waşingtonda eden çykyşynda aýtdy.

Ýewropanyň ýaragsyzlandyrylmagynyň global howpsuzlygy güýçlendirmeýändigini ABŞ-nyň Goranmak sekretary Geýts belledi.

Şeýle hem bu serişde ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyk Owganystandaky goşunlary enjamlaşdyrmak meselesine hem ýaramaz täsirini ýetirýär diýip, Geýts belledi.
XS
SM
MD
LG