Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolagçy biletleri ulanyşdan aýrylar


1-nji martdan başlap, paýtagtyň ýolagçylary gatnadýan awtobuslarynda hem-de trolleýbuslarynda hereket edýän bir gezeklik ýol biletleri ulanyşdan aýrylar. Oňa derek ýolagçylar ýol kireýini sürüjiler bilen nagt hasaplaşarlar.

Bu baradaky bildirişler paýtagtyň ýolagçylaryny gatnadýan awtobusdyr trolleýbuslarynda halka ýetirilmek üçin eýýäm asylyp çykyldy.

Aşgabadyň awtotransport kärhanasy şeýle herekete bialaç ýüz urmaly boldy. Sebäbi bu edara indi bir ýarym ýyl bäri ýol biletlerini galp ýollar arkaly ýasap satýan kezzaplar bilen göreşmekde ejiz gelýär.

Bahasy 20 teňňe bolan bir gezeklik ýol biletlerini ýasamak şeýle bir ýönekeý bolansoň, olary islendik reňkli printerlerde gaty aňsatlyk bilen çap edip bolýar.

Galp biletleriniň ýüz sanysyny bary-ýogy 6-8 manada satylýar. Bu bolsa ýol biletiniň öz bahasyndan ýarym esseden-de arzan bolýar. Şonuň üçinem ilatyň köpüsi galp biletlerini satyn almakdan kän bir ýüz hem öwrüp duranoklar, çünki galp bilet bilen hakyky biletiň ara tapawudyny saýgaryp-da bolanok.

Galp bilet ýasap satýan kezzaplardan başga, ýolagçylary gatnadýan awtobusdyr trolleýbuslaryň sürüjileri-de kezzaplyk edýärler. Olara, umuman aýdanyňda, ýolagçylar hem «kömekleşýär» diýseň boljak. Sebäbi ýolagçylaryň köpüsi ýol biletlerini komposterden geçirmäge ýaltanýarlar hem-de bileti şol durşuna sürüjä berýärler. Sürüjiler bolsa ýolagçylardan şol alan biletleri ýoklamagyň deregine, olary gaýtadan ýene ýolagçylara satýarlar.

Bu iki ýol arkaly edilýän kezzapçylygyň awtotransport kärhanasynyň býujetine ep-esli derejede zyýan getirýändigi öz-özünden düşnükli. Şonuň üçin 1-nji martdan ýol kireýi üçin ýolagçylaryň sürüjiler bilen nagt hasaplaşygyna geçirilmegi bu kezzapçylyklaryň soňuna çykjakdygyna şübhe döretmeýär.

Aşgabadyň awtotransport kärhanasynyň bildirişine laýyklykda, bir aýlyk proýezdnoýlar ulanyşdan aýrylmaz.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG