Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iş orny barada bildiriş


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy (RFE/RL) ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýän kommersiýa maksadyna eýermeýän guramadyr.

Kompaniýanyň merkezi ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda ýerleşýär we onuň programmalary Pragadaky habar beriş merkezinden we ýerli býurolardan efire berilýär.

Biziň gepleşiklerimiz 20 döwletde 28 dilde efire berilýär. 400-den gowrak žurnalisti, 750-den gowrak ştatdan daşary habarçysy we 19 sany ýerli býurolary bilen, RFE/RL dünýäňiň iň uly habar beriş serişdeleriniň biri hasaplanýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynda radio we internet žurnalistikasy boýunça iş ornunyň açylandygyny yglan edýäris. Iş ýeri Çehiýa Respublikasynyň paýtagty Pragada ýerleşýär.

Kandidatlardan talaplar:

- Türkmen we iňlis dilleri boýunça professional başarnyk;

- Syýasy, ykdysady we sosial meseleler boýunça analitiki makalalary we habarlary taýýarlamak ukyby;

- Web sahypasy üçin habarlary we makalalary ýazmak we olary redaktirlemek ukyby;

- Žurnalistika boýunça azyndan 4 ýyllyk iş tejribesi;

- Žurnalistiki takyklyk we tarapsyzlyk prinsiplerine ygrarlylyk;

- Žurnalistika, halkara gatnaşyklary ýa-da degişli ugurlar boýunça ýokary bilimli kandidatlara isleg has uly;

- Dürli milletleriň we medeniýetleriň wekilleri bilen başarnykly işleşmek ukyby;

- Radiožurnalistika boýunça bilimi we tejribesi bolan kandidatlara isleg ýokary.


Saýlanyp alnan kandidata ýokary möçberdäki aýlyk haky hem-de ýerleşmek, ýaşaýyş jaýy we saglyk ätiýaçlandyryşy ýaly goldawlary öz içine alýan goşmaça ýeňillikler berilýär.

Şu bildiriş boýunça ýüz tutup, terjimehalyňyzy we beýleki şahsy maglumatlaryňyzy Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna (RFE/RL) ibermek bilen, siz bu kompaniýanyň Kadrlar bölümine zerur bolan halatynda geljekde siziň bilen aragatnaşyk saklamagy üçin öz maglumatlaryňyzy hasaba almaga we ol maglumatlar bilen işlemäge kanun esasynda öz razylygyňyzy berýändigiňizi hem ýatladýarys. (Bu işler maglumatyň goralmagy baradaky no.101/2000 düzgüniň esasynda amala aşyrylýar).

Bu baradaky ylalaşyk diňe ýazmaça talap esasynda ýatyrylyp bilner we şol güne çenli ol öz güýjünde galýar, emma 5 ýyldan uzak bolmadyk döwre çenli.

Köp sag boluň.

Dalaş etmek üçin:

Iş ornunyň nomerini görkeziň : BTU1001

Kandidat aşakdaky maglumatlary şu elektron adresine ibermeli: jobs@rferl.org

1. Iş orny boýunça anketany doldurmaly; (şu ýerde)

2. Kandidatyň bilim derejesi we professional tejribeleri boýunça giňişleýin ýazylan terjimehaly;

3. Iş ornunyň nomerini görkezip, gyzyklanýan ugurlaryňyzy, iş ornuna degişli tejribeleriňizi we aýlyk haky boýunça talaplaryňyzy beýan ediň.

Görkezilen iş orny iň mynasyp kandidat saýlanyp alynýança açyk durýar.

Has doly maglumat üçin şu ýere basyň.
XS
SM
MD
LG