Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlara okuwa gitmegiň ýollary


Garward uniwersiteti, ABŞ
Garward uniwersiteti, ABŞ

Daşary ýurlara okuwa gitmekligiň Türkmenistanda 3 ýoly bar - döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän okuw programmalary, daşary ýurt guramalarynyň maliýeleşdirýän grant programmalary ýa-da öz hasabyňa okuwa gitmek.

Daşary ýurtda okuwy tamamlap Türkmenistana geleniňden soň, alan diplomyňy tassyklatmaly. Daşary ýurtlarda okap gelen türkmen ýaşlary öz diplomlaryny tassyklatmak üçin Türkmenistanda ekzamenler tabşyrmaly.

Käbir ýaşlar diplomlaryny tassyklatmak üçin para bermeli bolýandyklaryny hem aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar” programmasynda Türkmenistanda köppartiýalylyk barada ýaşlaryň garaýyşlary barada hem maglumat berilýär.

Bular baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG