Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şeýle beýannama 20 ýyl garaşdym


Prezident Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň 18-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde täze syýasy partiýalaryň döremegini we hasaba alynmagyny kepillendirýän beýannama bilen çykyş etdi.

Men döwlet ýolbaşçysynyň şeýle beýannamasyna bolmanda 20 ýyl bäri garaşylandygyny belläp, ony üç bölege bölüp teswirlemekçi.

Birinji bölek: prezident, Konstitusiýanyň 53-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna Konstitusiýany ornaşdyrmak borjuny ýerine ýetirip, ýurduň raýatlarynyň Konstitusiýanyň 30-njy maddasy bilen kesgitlenen syýasy partiýalary döretmek hukuklaryny ykrar edýär.

Adatça, şeýle hukugy berýän Konstitusiýanyň tassyklanmagy raýatlaryň syýasy partiýalary döretmek hukugyny ykrar edýär. Şondan soň diňe syýasy partiýalary döretmegiň mehanizmini we şertlerini kesgitleýän kanuny döredäýmek hem tassyklaýmak galýar. Şeýle iş Nyýazow döwründe edilipdi, emma kanun işledilmändi. Onuň esasy sebäbi Nyýazowyň syýasy liderlik ukybynyň ýoklugyndady. Ol ilkinji bäsleşikli saýlawda prezidentligini ýitirjegini bilýärdi.

Prezident Berdimuhamedowyň graždanlaryň syýasy partiýalary döretmek hukugyny ykrar etmegi onuň ýeke bir borjuny ýerine ýetirmegi däl-de, belki, onuň özüniň syýasy bäsleşige taýýardygynam aňladýandyr diýip, umyt edesiň gelýär.

Ikinji bölek: prezident döwlet ýolbaşçysy hökmünde oppozision partiýalaryň döremeginiň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm konstruktiw waka boljakdygyny belläp, şeýle partiýalaryň ýurdumyzyň döwrebap ösmegi üçin zerurlykdygyny boýun aldy.

Bir partiýa daýanýan syýasy sistemanyň, özüni nähili atlandyranda-da, awtoritarizme daýanýan diktatorlyk režime öwrülýändigini ozaldan dünýä taryhy-da, Türkmenistanyň entäk 20 ýaşyny-da doldurmadyk täze taryham görkezdi. Şeýle režimde kanun diňe birtaraplaýyn – adamyň garşysyna işleýär; adam ähli hukuklaryndan mahrum edilýär; onuň öýi ýykylýar.

Kanun özüni döreden emeldarlaram sylamaýar, ýönekeý işgärem. Baýramalyň koloniýasy şu aýdylanlaryň şaýady. Diktatorlyk režimde ykdysadyýetem işlemeýär, medeniýetem.

Türkmenistanyň täze taryhynda olaryň kül-peýekun edilendigini diňe öz bähbidine ters gelýän adam görmez. Indi üç ýyl bäri gaýtadan dikeldiljek bolunýan opera we balet sungatam aýdylanlara şaýat bolup biler.

Mundan beýläk ýurduň ykbalyny bir partiýa ynanmagyň barypýatan jenaýatdygyna ýurtda düşünmeýän ýokmuka diýýän.

Üçünji bölek:
prezidentiň öz beýannamasynda ýurtda geçirilýän özgerişlikleri halkyň hüý-häsiýeti bilen baglanyşdyryp, kimdir biriniň bähbidine sosial-syýasy prosesleriň tizleşdirilmejegini aýtmagy döräp biläýjek partiýalaryň atlary mysal getirilende-de, daýhanlar partiýasynyň agzalmagy synçylaryň köpüsinde garaşylýan syýasy özgerişliklere düýpli şübhe döretdi.

Şübhelenmezçe-de däl. Berlen söz bilen edilýän işiň aglaba çapraz gelýändiginiň mysaly bizde öňden ýeterlik.

Köppartiýalylyk bizde emeli däl-de, halkyň öz mertebesini duýmagynyň we ruhy galkynyşynyň netijesinde 1989-90-njy ýyllarda döredi. Emma Nyýazowyň bikanun garşylygy, jenaýatçylykly hereketleri netijesinde olar hasaba alynmady. Olara derek daşardan getirilen kompartiýadan bir pursatda emeli ýasalan dempartiýa hasaba alyndy. Diktator režimi döredildi. Netijede Türkmenistanyň senagaty we oba hojalygy çöküp, azyk hem ilkinji zerur harytlar kartoçkalar bilen paýlandy, çörek ýetmedi; neşekeşlik ýurdy tutdy; käbir ulanylýan çaklamalara görä, 90-njy ýyllaň aglaba böleginde ýylda 400-600 adam atyldy.

Şäher gurmak bahanasy bilen iliň öýi ýykyldy, häzirem ýykylýar. Oba hojalygy entägem aýňalyp bilenok. 90-njy ýyllaň başynda daşardan getirilen emeli partiýanyň deregine halkyň öz ogul-gyzlarynyň döreden partiýalary hasaba alnan bolsady, onda, belki-de, beýle ýykgynçylyklar bolmazdy.

Döwleti dolandyrmakda ulanylýan islendik ideýa, islendik karar diňe köpüň gözegçiliginde öz hakyky many-mazmunyna eýe bolup biler. Şonuň üçin häzirem, «hiçden giç ýagşy» diýlişi ýaly, haýal etmän köppartiýalylyga ýol bermeli. Olaryň döremegi we işlemegi üçin ykrar edilen Konstitusiýanyň talaplaryny ýerine ýetirmeli.

Ilçilikdir, gereklän Daýhanlar partiýasynam ediner. Emma Daýhanlar partiýasy, Işçiler partiýasy, Gullukçylar partiýasy ýa-da Ahal partiýasy, Balkan partiýasy diýip, halkyňy täzeden gapma-garşy syýasy klaslara we tire-taýpalara bölüp ýörmeli dälmikä diýýän. Taryhy inkär etmän, onuň sapaklaryny özleşdirmegimiz gerek.

Nurberdi Nurmämmedow "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG