Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wekili Morningstar Türkmenistana sapar edýär


ABŞ-nyň Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Pragadaky energiýa sammitinde, maý, 2009-njy ýyl.
ABŞ-nyň Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Pragadaky energiýa sammitinde, maý, 2009-njy ýyl.

Şu gün ABŞ-nyň Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Türkmenistana sapar edýär. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Riçard Morningstaryň energetika pudagy boýunça gelejekki hyzmatdaşlyk barada türkmen hökümetiniň wekilleri bilen ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmegine garaşylýar.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda «American Progress» atly syýasy barlaglar merkezinde eden çykyşynda, Riçard Morningstar Ýewraziýa regiony bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň maksatlarynyň biriniň Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryna olaryň nebit we gaz eksportlary üçin täze ýollary tapmaklyga kömek etmekden ybaratdygyny aýdypdy.

Agzalýan nebit we gaz eksportlary üçin täze ýollaryň arasyna Ýewropa Bileleşigi tarapyndan öňe sürülýän we ABŞ tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýekti hem girýär. Geçirijilik kuwwaty ýylda 31 milliard kubmetr bolan “Nabukko” proýekti Hazar regionynyň tebigy gazyny Ýewropa Bileleşigine akdyrmagy göz öňüne tutýar.

Riçard Morningstar Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Ýewraziýa energiýa meseleleri boýunça ýörite wekili hökmünde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton tarapyndan bu wezipä 2009-njy ýylda bellenilipdi.

Riçard Morningstar özüniň bu wezipesinde Hillary Klintonyň Ýewraziýanyň energiýa önümçiligini ýokarlandyrmaklyga, onuň energiýa resurslaryny tranzit etmeklige we ýaýratmaklyga degişli syýasy meseleler boýunça maslahatçysy hem bolup durýar. Onuň bu wezipesiniň esasy maksady bolsa Birleşen Ştatlaryň Ýewropa, Orsýet, Ukraina, Türkiýe, Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça energiýa syýasatyna ýardam bermekden ybarat.
XS
SM
MD
LG