Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa lideri ermeni hökümetiniň dargajakdygyny aýtdy


Ermenistanyň oppozision lideri Lewon Ter-Petrossiýan müňlerçe tarapdarynyň gatnaşmagynda paýtagt Ýerewanda geçirilen protestde hökümet ýolbaşçylaryny berk tankyt etdi.

Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň maglumatyna görä, bu çäre 2008-nji ýylda geçirilen saylawlardan soň ýüze çykan dartgynlylygyň iki ýyllygy mynasybetli amala aşyrylýar.

Ter-Petrossiýan duşenbe güni geçirilen şol ýygnanşykda halk köpçüliginiň öňünde çykyş edip, prezident Serž Sarkisiýanyň hökümetiniň wezipesinden çekilip, täze saýlawlary yglan etmeli boljakdygyny öňe sürdi.

2008-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen saýlawlardan soň ýurtda başlanan dartgynlykda 10 adam heläk bolup, 200 töweregi adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG