Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen eneleri hormatly at bilen sylaglandylar


4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky» permana gol çekdi.

Bu permana laýyklykda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren Türkmenistanyň eneleri hormatly ada mynasyp boldular. Sylaga mynasyp bolan jemi 115 enäniň atlary ýurduň metbugatynda çap edildi.

Metbugatda çap edilen sanawda Daşoguz welaýatyndan 48, Ahal welaýatyndan 24, Mary welaýatyndan 21, Lebap welaýatyndan 15, Balkan welaýatyndan 5, Aşgabat şäherinden 2 enäniň ady getirilýär.

Bir milliona ýakyn ilaty bolan Aşgabat şäherinden bary-ýogy iki sany enäniň «Ene mähri» diýen ada mynasyp bolmagy, şäher ilatynyň köp çaga etmekden saklanýandyklaryny tassyklaýar.

Ykdysady taýdan iň bir çöken, işsizligiň iň bir köp ýaýran ýeri bolan Daşoguz welaýatyndan 48 enäniň bu ada mynasyp bolmagy bolsa oba ilatynyň şäher ilatynyň göreldesine asla eýermeýändigini subut edýär.

«Ene mähri» diýen hormatly at SSSR döwründäki «Gahryman ene» diýen adyň analogydyr. Sowet Soýuzy döwründe «Gahryman ene» diýen at on çagany dünýä inderen enä berlen bolsa, «Ene mähri» diýen at sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere berilýär.

Köp çagaly enelere hormatly atlaryň dakylmagy Türkmenistanyň hökümetiniň ýurtda çaga dogrulyşynyň artdyrylmagyna ünsi güýçlendirip başlandygyny aýan edýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG