Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa jemgyýetçiliginde zenanlaryň roly


Kanunyň talap etmegi boýunça Gyrgyzystanyň 90 orunlyk parlamentindäki kanun çykaryjylaryň üçden biri aýallar. Bularyň biri hem Gülnara Derbişewa. Ol öz güýji bilen hem köp işleri bitiripdir. Ýöne aýallar üçin ýörite kwota bolmadyk bolsa, ol üç ýyl mundan ozal parlamente asla girip biljek däl eken.

“Syýasata girmäge meniň ýolumda köp päsgelçilikler bardy. Ýalňyşmaýan bolsam, aýallaryň ala tutulmagy şindi-de ýok däl. Ýaňy sanlyja ýyl mundan ozal-da aýal palamentçiler barada ýalňyş pikirler bardy. Dogrymy aýtsam, bu meniň üçin kyn günler boldy. Käbir adamlar ‘bu aýallar näme edip biljek, aýratyn-da, hasam şu’ diýýärdiler” diýip, Derbişewa aýdýar.

Derbişewanyň parlamente girip, kanun çykaryjy bolmagyna ýol açan Gyrgyzystanda aýallar üçin parlamentde 30 prosent kwota girizilmegi bolupdyr.

Orta Aziýada bular ýaly kwota köp ýerlerde bar.

Adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişi ölçelende mydama iň aşaky orunlary eýeleýän Özbegistanda hem parlamentde aýllar üçin 30 prosent kwota bar. Täjigistanda ähli hökümet guramalarynda ýokary orunlarda iň bärsinden bir aýalyň bolmagy talap edilýär.

Gazagystan we Türkmenistan

Gazagystan bilen Türkmenistanda aýallar üçin kwota sistemasy bolmasa-da, bu ýurtlaryň ikisi-de aýallaryň erkekler bilen deň tutulmagy ugrunda tagalla edýärler.

“Aýallaryň iş ornunda ilerleme mümkinçiligi kämahallar erkekleriňkiden gowy. Aýratyn-da döwlet korporasiýalarynda aýallaryň jogapkärçilik duýgusy erkekleriňkiden ýokary, parahorlyk erkekleriňden aşak diýen düşünje bar” diýip, “Gazagystan üçin raýdaşlyk bileleşigi” atly hökümete degişli däl guramanyň ýerine ýetiriji direktory Alina Hamatdinowa aýdýar.

Aýallaryň jemgyýetdäki orny barada Orta Aziýada iň konserwatiw ýurt hasaplanýan Türkmenistan hem mejlisiň başlygy, ýurduň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi ýaly orunlarda aýallary ýerleşdirdi. Ýurduň welaýat häkimleriniň orunbasarlarynyň ählisi diýen ýaly aýallar.

Öňki döwürde önüp ösen...

Orta Aziýada häzir ýolbaşçy orunlary eýeleýän aýallar Sowet döwründe önüp-ösüp, Sowet döwründe bilim alam nesilden. Aktiwistleriň köpüsi “Sowet geçmişinden arany açyp gelinýän häzirki şertlerde regionda resmi kwotanyň bolmagynyň aýallaryň jemgyýetdäki ornuny goramaga kömegi deger” diýen pikirde.

Ýöne korrupsiýanyň giňden kök uran regionynda hökümet işgärleri bu kwotalardan peýdalanyp, öz garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny işe girizýär diýýänler-de bar.

Ýene-de bolsa kwotanyň tarapyny çalýanlaryň sany oňa tankydy garaýanlaryňkydan köp.

Bişkekli Nurgül Janaýewa kwota bolsa-da, iş orunlarynda aýallardan edilýän talabyň erkekleriňkiden ýokarydyny aýdýar: “Erkekler barada gürrüň gidende olaryň näme resurslardan, näme serişdelerden peýdalanýandygyna, parahor ýä parahor däldigine ähmiýet berlenok. Aýallar barada bolsa ‘eger zenanlar wezipä gelse, arassa bolmaly’ diýilýär. Aýallar bilen erkekler bir wezipä geleninde ikisi-de arassa, adaty we kanuny ýollar bilen gelmeli. Men şu pikir bilen ylalaşýaryn”.
XS
SM
MD
LG