Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussag edilen gyrgyz lideriniň boşadylmagy talap edilýär


Gyrgyzystanyň öňki goranmak ministri Ismail Isakowyň boşadylmagyny talap edip, onuň ýüzlerçe tarapdary 6-njy martda ýurduň günortasynda ýerleşýän Alaý etrabynda protest gurnady. Bu habary Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy şu gün habar berdi.

Alaý regionynyň ýaşaýjysy bolan Isakow galplyklarda aýyplanyp şu ýylyň ýanwar aýynda 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Isakow bu aýyplamalary ret edip, onuň syýasy äheňlidigini aýdýar.

Isakow 2008-nji ýylyň oktýabr aýynda wezipesini terk edenden soňra, oppozisiýanyň hataryna goşulypdy.

Ol oppozisiýa goşulmazdan ozal Gyrgyzistanyň prezidenti Kurmanbek Bakiýewyň ýakyn ýaranydy.

6-njy martda geçirilen şol proteste gatnaşan adamlar 15-nji marta çenli Isakowyň boşadylmagyny talap etdiler.
XS
SM
MD
LG