Arap ligasy Kairde palestinalylar bilen Ysraýylyň arasyndaky gytaklaýyn gepleşiklere golaw bermekden çekilmäge çagyrýar.
Munuň sebäbi Ysraýylyň gündogar Iýerusalimde täze jaýlary gurmak karary bilen düşündirilýär.
Arap ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 3-nji martda palestin prezidenti Mahmut Abbasa gepleşiklere gaýtadan başlamak üçin zerur bolan syýasy goldawy bermek kararyna gelipdiler.
Ysraýyl sişenbe güni gündogar Iýerusalimde 1600 täze jaý blogynyň gurulmagyny tassyk etdi.
Bu habar Birleşen Ştatlaryň wise prezidenti Jo Baýdeniň Ysraýyla sapar edýän wagtyna gabat geldi, ol gepleşikleri gaýtadan başlamaga kömek etmek üçin gelipdi.
Baýden bu karary bada-bat ýazgardy, ol bu pozisiýasyny şu gün hem gaýtalady.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!