Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obamanyň maslahatçysy Ysraýylyň jaý gurmak planyny ýazgarýar


Düýn prezident Barak Obamanyň syýasy maslahatçysy Dewid Akselrod Ysraýylyň hökümetiniň Palestina degişli hasaplanylýan Gündogar Iýerusalimde 1müň 600 töweregi jaý gurjakdygyny gaýtadan yglan etmegini ýazgaryp çykyş etdi.

Dewid Akselrod bu dawaly territoriýada täze jaýlaryň gurulmak planyny Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerine kast ediji çäre diýip atlandyrdy.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýden Ysraýyla sapara baranda, ýurduň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Gündogar Iýerusalimde göz öňünde tutulýan gurluşyk planlarynyň togtadylýandygyny yglan edipdi.

Benýamin Netenýahuwyň şol beren wadasyna jogap edibem Palestinanyň häkimiýetleri Ysraýyl bilen parahatçylyk barada göni bolmadak gepleşiklere başlamaga razylyk beripdiler.
XS
SM
MD
LG