Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede kürt ýaragly söweşijileriniň hüjümi boldy


Düýn Türkiýäniň howpsuzlyk gullugynyň resmileri ýurduň günorta-gündogar regionynda kürt ýaragly söweşijileriniň eden hüjüminde bir esgeriň ölüp, ýene bir esgeriň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Howpsuzlyk gullugynyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, wakada kürt ýaragly söweşijileriniň bir topary Yrak we Eýran bilen serhetlere golaý ýerde harby ulaglaryň kerwenini oka tutupdyrlar.

Bu wakanyň bolan prowinsiýasynda şu mart aýynyň başynda amala aşyrylan mina partlamalarynda iki sany türk esgeri ölüpdi.
XS
SM
MD
LG