Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň baş diplomaty Aşgabada sapar edýär


Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 15-nji martda Türkmenistana iki günlük iş saparyna başlaýar. Aşgabatda 16-njy martda S.Lawrow bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda gepleşikler geçiriler.

Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow türkmen ýolbaşçylary bilen gepleşiklerinde iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklary we haryt dolanyşygyny ösdürmegiň perspektiwlaryny maslahat etmekçi. Bu barada Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Andreý Nesterenko S.Lawrowyň Türkmenistana saparynyň öň ýanynda habar berdi.

Andreý Nesterenkonyň Orsýet metbugatynda we Daşary işler ministriliginiň resmi internet sahypasynda çap edilen beýanatyna görä, Türkmenistan bilen gatnaşyklara Orsýetde ýokary baha berilýär. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-bilim we beýleki ugurlar boýunça iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.

Ikitaraplaýyn we regional syýasat

Şu günki gün syýasy we regional meseleleriň Türkmenistan bilen Orsýetiň üns merkezinde duranlygyny bilermenler belleýärler.

Ankaranyň Gazy Uniwersitetiniň daşarky gatnaşyklar boýunça professory Mehmet Seýfetdin Orsýetiň häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça alyp barýan syýasatyny ýurduň täze daşary ýurt syýasaty diýip atlandyrdy.

Mehmet Seýfetdiniň pikirine görä, Orsýetiň bu syýasatynda Türkmenistan esasy orunlaryň birini eýeleýär. "Aşgabadyň soňky döwürde Günbatar döwletleri bilen gepleşiklerini aktiwleşdirmegi-de muňa esasy sebäp bolýar".

Merkezi Aziýa boýunça syýasy analitik Artýom Ulunýanyň pikirine görä, regionda Günbatar döwletleriniň aktiwliginiň güýçlenmegi we Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen howpsuzlyk, ykdysady we syýasy meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň barha giňelýänligi Orsýeti örän aladalandyrýar.

“Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň NATO-nyň täsiriniň güýçlenmejegine güwä geçmek isleýänligini çäk etmäge esas bar. Emma bu sowala Aşgabat tarapyndan nähili jogap beriljegini aýtmak kyn” diýip, A.Ulunýan belleýär.

Aşgabadyň “Nabukko” planlary

Orsýet metbugatynda Orsýetiň Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady ýarany bolup durýanlygy bellenilýär. Ýurtlaryň arasynda gaz sowdasyny hasaba almazdan, haryt dolanyşygynyň 2009-njy ýylyň dokuz aýynyň dowamynda 832 million dollardan ybarat bolup, ozalky ýyldan 30% ýokarlananlygy aýdylýar. Türkmen-orsýet gaz söwdasy Sowet Soýuzyndan galan “Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisi arkaly amala aşyrylýar.

Taraplaryň 2008-nji ýylda ylalaşyk baglaşan “Hazarýaka” gaz geçirijisiniň geljegini we, umuman, özara gaz söwdasynyň perspektiwalaryny 16-njy martda Aşgabatda boljak gepleşiklerde maslahat edip-etmejegi mälim däl. Bu barada Orsýet ýa türkmen tarapy resmi maglumat bermedi.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň halkara energiýa proýektleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýekti babatyndaky planlarynyň Orsýet tarapyny gyzyklandyrýan meseleleriň ýene biridigini synçylar belleýärler.

Orsýet bir tarapdan türkmen gazynyň hyrydary, başga bir tarapdan, “Nabukko” proýekti Orsýetiň öz halkara proýektlerine, ýagny Ýewropa tarap “Günorta akym” we “Demirgazyk akym” proýektlerine bäsdeşlik döredýär.

Türkiýeli bilermen Mehmet Seyfetdiniň bellemegine görä, Hytaýa we Eýrana tarap täze gaz geçirijilerini gurmak arkaly gaz eksporty taýdan Orsýete garaşlylygyny çäklendiren Türkmenistanyň öz mümkinçiliklerini ýene giňeltmek üçin häzirki wagtda Günbatar döwletleri bilen gepleşikleri güýçlendirmegi-de Orsýetiň göwnünden turmaýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili A.Nesterenkonyň sözlerine görä, Sergeý Lawrowyň Aşgabada saparynda Orsýet Federasiýasynyň subýektleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek we medeniýet hem bilim ugurlardan gatnaşyklary ösdürmek meseleleri, şeýle-de bar bolan ylalaşyklaryň berjaý edilişini maslahatlaşamk göz öňünde tutulýar.

Bu saparyň türkmen-orsýet gatnaşyklarynyň berkidilmegine we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi bermegine garaşylýar diýip, orsýet metbugatynda bellenildi.
XS
SM
MD
LG