Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene-de korrupsiýa hakynda


Dünýä ýüzünde korrupsiýa garşy uly işler geçirilýär. Ony köki-damary bilen ýok edip bolmasa-da, ýaýramygyna ýol berilmeýär.

Geçen asyryň 1990-njy ýyllarynda, Gündogar Ýewropa döwletleri sosialistik sistemadan erkin bazar gatnaşyklaryna geçmäge başladylar. Emma 40-50 ýylyň dowamynda kommunistik ideologiýanyň gözegçiliginde ýaşan ýurtlara täze ykdysady sistemany ornaşdyrmak ýeňil bolmady.

Ol döwletler bazar ykdysadyýeti ýoluna uýgunlaşan hem bolsalar, birnäçeleri korrupsiýa bulaşyp, häzirki güne çenli onuň torundan saýlanyp bilenoklar. Olardan esasylary Bolgariýa we Rumyniýa döwletleridir. Bu döwletler Ýewropa Bileleşigine kabul edilen hem bolsalar, ykdysady reforma geçirmekde öňlerinde entek çözülmedik meseleler kän. Olaryň iň esasylarynyň biri-de korrupsiýadyr.

Halkara guramalaryň dünýäde korrupsiýanyň ýagdaýy barada berýän ýyllyk hasabatlarynda onuň has köp ýaýran ýeri Afrika we Aziýa döwletleri diýlip görkezilýär. Türkmenistan hem korrupsiýanyň toruna düşen şol döwletleriň arasynda ýakasy gaýyşlylarynyň biri bolup durýar.

Beýle ýagdaýyň döremegine name sebäp bolýar?

Eger-de biz üns bersek, döwlet eýeçiligini doly saklap gelýän ýurtlarda, korrupsiýa has köp ýaýrandyr. Döwlet eýeçiligi abstrakt düşünje bolýar, onda belli bir eýe bolmaýar, kimiň eli uzyn bolsa, şolam döwlet eýeçiliginiň hasabyna baýaýar.

Türkmenistan häzirki güne çenli döwlet eýeçiligini doly görnüşde saklap gelýän ýurtdur. Käbir hyzmatlar ýa-da kiçi söwda bolaýmasa, galan hemme zat hökümetiň ygtyýarynda. Bu hem bizde korrupsiýanyň ösmegine getirýär.

Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyň birnäçe ýylyň dowamynda guran jemgyýeti korrupsiýanyň jümmüşine çümdi. Häkimlikler-de ýa-da beýleki edaralarda kanuny ýazylyp berilmeli kagyzlara-da döwlet çinownikleri para soraýarlar. Olar bu hereketlerinden utanmaýarlar.

Korrupsiýa näme üçin gülleýär?

Indi halkyň arasynda erbet däbe öwrülen gylyk bar, adamlar bir-birlerini görenlerinde derrew şeýle soraglary berýärler: “nirede işleýäň? aýlygyň näçe? daşyndan düşýärmi?“ Eýse, döwlet edaralarynda işleýänlere daşyndan näme düşmeli? Diňe para!

Lukmanlaryň dili bilen aýtsak, jemgyýetimiziň diagnozy ýaramaz, korrupsiýanyň wiruslaryna doly uýgunlaşan. Şeýle wiruslaryň biri hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýol-gözegçilik inspektorlarynyň arasynda giň ýaýran. Degerli ýolbaşçylar inspektorlaryň para-peşgeş almaklarynyň öňüni aljagam bolmaýarlar. Ýogsa, muny wezipeli adamlaram bilýärler.

Häzir awtoulagyň hapa bolsa, inspektor saňa duýduryş bermän, göni seni komissiýa iberýär. Elbetde, ol ýere baran adamlar, ekzamene girmejek bolup, inspektorlaryň hojaýynlaryna azyndan 1000 amerikan dollaryny mejbury bermeli bolýarlar. Olaram şol gelýän pullardan özünden ýokardakylara para geçirýärler.

Ine şeýdibem adaty ownuk korrupsiýa gülläp ösýär. Eger-de Içeri işler ministrligi ösen döwletlerdäki ýaly köçelerde wideokameralary köpeldip, şoň hasabyna-da ýaňky inspektorlar toplumynyň iş ýerlerini kemeltse, onda “Bir okda iki towşan urup bolardy”, birinjiden-ä, köçede parahor inspektorlar azalardy; ikinjidenem, şolaryň hasabyna döwlet býujetine ep-eslije pul girerdi.

Bu ugurda Gruziýa döwletiniň tejribesini öwrenmek peýdaly bolardy. Olar Içeri işler ministrliginiň hataryndan 23 000 gowrak işgärlerini kemeltdiler. Indi olaryň işleriniň köpüsini täze kompýuter tehnologiýasy ýerine ýetirýär.

Korrupsiýada öňdebaryjylar

Içeri işler ministrligindäki ýagdaý Türkmenistanda dowam edýän ownuk korrupsiýanyň bir görnüşidir. Ýurtda esasy korrupsiýa gurluşyk pudagynda amala aşyrylýar. Häzir bu pudak aýgytly gadamlar bilen ýöreýän ugurlaryň biri.

Bu meselede öz pikirdeşlerimiz bilen geçiren garaşsyz barlagymyzda şeýle netijelere geldik:

Aşgabat şäherinde gurluşyk hyzmatlaryny, ýol bejeriş işlerini esasan hem bir hususy kärhana alyp barýar. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi şol hususy kärhana bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup gelýär.

Agzalýan hususy kärhana gurluşyk we bezeg işleri üçin döwlete satýan materiallaryny bazar bahasyndan 3-4 esse gymmat berýär. Ýogsa, şol harytlary döwlet gurluşyk edaralarynyň özlerem daşary ýurtlardan göni şertnama baglaşyp, arzan bahasyna alyp bilýärler.

Ýöne degişli ministrligiň görkezmesi bilen gurluşyk kärhanalarynyň ählisi diňe agzalýan hususy kärhanadan gymmat bahadan, gerek bolan gurluşyk harytlaryny almaly. Ministrligiň şol hususy kärhana bilen ýakynlygyny, onuň köp görkezmeleridir-hereketleri bilen görüp bolýar. Muňa mysal edip, banklardan manysyz karz pullaryny almak we ony şol hususy kärhananyň hasabyna geçirmek ýaly hereketleri getirip bolar.

Onsoňam degişli ministrligiň ýolbaşçylarynyň biri şol hususy kärhana bilen uzak wagtdan bäri hyzmatdaşlykda bolup gelýär. Öňler bu hususy kärhana Aşgabat şäher häkimliginiň jaýynda-da öz iş ofisini ýöredýärdi.

Munuň düýbüne ýetmek kynmyka?


Näme üçin Türkmenistanda korrupsiýa aňsat ornaşdy we gülläp ösýär? Munuň düýbüne ýetmek kynmyka? Ýok, ol gaty aňsat. Biziň korrupsionerlerimiz öz hereketlerini gizlejegem bolmaýarlar. Ony bilmek üçin diňe isleg gerek. Eger-de Türkmenistanyň Gözegçilik edarasy internet ulgamyny peýdalansa, şol ýerden ähli harytlaryň, işleriň we dürli hyzmatlaryň bazar bahasyny görüp hem öwrenip bilerdi.

Käbir pudaklar boýunça, esasanam gurluşyk işleri boýunça hyzmatlarda, tender bäsleşigi geçirilmän, belli-belli gurluşyk edaralaryna uly işleriň berilmegi, tender geçirilse-de, onuň netijeleriniň galplaşdyrylyp, şol bir hususy kärhananyň ýeňiji edilip görkezilmegi gurluşykdaky korrupsiýa aýdyň mysaldyr.

Dogry bu zatlaryň hemmesi derňewiň işi. Ýöne bu edilýän urdum-şalyk, ýagny korrupsiýa derňewçi ýa-da sülçi bolmasaň-da, göze dürtülip dur. Diňe ösen, täze tehnologiýany ulanyp, korrupsiýanyň soňuna çykyp bolar. Göreş dogry guralsa, adamlaryň aňyndaky korrupsiýalaşan duýgular arassalanar. Ýöne korrupsiýanyň garşysyna göreşmek üçin hakyky isleg gerek.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG