Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bilim boýunça ÝB-den näme sapak almaly?


ÝB bilen Türkmenistanyň dürli ministrlikleridir döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilýän iki günlük iş seminarynda esasan bilim pudagyna üns berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň 25-nji martda çap eden maglumatyna görä, bu seminar Ýewrokomissiýanyň “Ýewropanyň türgenleşik fondy” atly topary tarapyndan gurnaldy.

Bu gurama diňe Türkmenistanda däl, dünýäniň ençeme beýleki ýurtlarynda-da iş alyp barýar. Onuň maksady şol ýurtlarda bilim pudagyny reformalaşdyrmaga ýardam etmek.

Britaniýaly professor Peter Jones Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugyna beren interwýusynda Türkmenistanyň bilim pudagy boýunça daşary ýurtlaryň tejribelerinden peýdalanmaga isleglidigini aýtdy: “Men geçen ýyl Nýu Ýorkda geçirilen bir konferensiýa gatnaşdym. Bu ýygnaga Türkmenistanyň bilim ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri hem gatnaşdylar. Olar Kolumbiýa Uniwersiteti bilen aragatnaşyk guramaga gaty isleglidigini aýtdylar”.

Professor Jones ÝB bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň arasynda bilim pudagy boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada ýörite raport taýýarlan alymdyr. Bilim pudagy ÝB-niň 2007-nji ýylda Merkezi Aziýa boýunça kabul eden strategiýasynyň esasy bölegini düzýär.

Oňyn ädimler ädilýär

Britaniýaly synçynyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda täze häkimiýet iş başyna geçensoň, ýurt ýolbaşçylary bu pudagy ösdürmek barada aýratyn tagalla edip gelýärler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem soňky döwürlerde ýewropaly wekiliň öňe sürýän bu pikirlerini tassyklaýjy äheňde çykyş edip gelýär.

Synçylar Berdimuhamedowyň orta mekdepleriň okuw möhletini 9-dan 10 ýyla çykarmagyna, şeýle-de Günbatar ýurtlary bilen bu baradaky hyzmatdaşlygy artdyrmaga synanyşmagyna-da oňyn baha berýärler.

Berdimuhamedow bilim pudagyny ösdürmek barada ýakynda eden çykyşlaryndan birinde şeýle diýipdi: “Ýurdumuzyň bilim we ylym ugruny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek meseleleri hemişe biziň üns merkezimizde bolar”.

Ýewropanyň goşandy

Türkmenistanyň bilim pudagy boýunça esasy hyzmatdaşlaryndan biri hem Ýewropa Bileleşigidir. Her ýyl onlarça student bilim almak üçin Türkmenistandan Ýewropa gelýär.

Ýewropa bolsa öz nobatynda bilim boýunça Türkmenistanda iki ugurdan iş alyp barýar. Olardan biri türkmen kadrlaryny ýetirşdirmek barada Ýewrokomissiýanyň “Ýewropanyň türgenleşik fondy” atly gurama tarapyndan alnyp barylýan tagallalarydyr. Beýlekisi bolsa Ýewropanyň “TEMPUS” programmasynyň esasynda amala aşyrylýan işlerdir. Bu proýekt boýunça 1997-nji ýylda Türkmenistanda işe başlanyldy.

Ýewrokomissiýanyň “TEMPUS” programmasynyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, bu tagallalaryň çäginde şu güne çenli Türkmenistana 7,5 million ýewro serişde göýberildi.

Üns bermeli problemalar

Emma, muňa garamazdan, esasanam ýokary okuw jaýlary bilen bagly problemalar henizem dowam edýär. Meselem, bu pudaga parahorlygyň aşa ýaýranlygy barada halk arasynda gürrüň bar.

Bu ýagdaýa türkmen ýolbaşçylary hem göz ýetirýän ýaly. Sebäbi Berdimuhamedow Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň rektory bilen bir hatarda käbir beýleki ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylaryny parahorlykda aýyplap, ýakynda şeýle diýipdi: “Men elmydama size diýişim ýaly, arassa, halal işläň, wiždanyňyz bolsun, betnebis bolmaň, onsuzam rysgal berip otyra. Şu käriň eýýäm saňa rysgal berip otyrany abraý”

Türkmenistandaky habarçylarymyzyň ýerli ýaşaýjylara salgylanyp berýän maglumatlary hem Berdimuhamedowyň öňe sürýän bu pikirlerini tassyklaýar. Emma näme sebäpdendir bu baradaky problemanyň hötdesinden gelmek türkmen ýolbaşçylaryna başartman gelýär.

“Eýsem, Ýewropa Bileleşigi bu ugurda Türkmenistana ýardam edip bilermi?” diýlen soraga Britaniýaly alym Peter Jones şeýle diýdi: “Ýokary okuw jaýlaryny reformalaşdyrmak gaty çylşyrymly hem syýasy prosesdir. ÝB-niň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarymyň mende galdyran täsiri – Brýussel bilim sektory boýunça Türkmenistana hödürleýän tekliplerinde gaty serasaply iş alyp barýär. Şeýle-de Brýussel tarapyndan hödürlenýän ähli teklipleri kabul edip-etmezlik, şol ýurtlaryň ýolbaşçylaryna degişli mesele”.

Bilimiň hili

Parahorlyk bilen bir hatarda Türkmenistanyň bilim pudagy boýunça keserip duran beýleki problemalardan biri hem ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimiň hilidir. Bilim boýunça ekspertler bu barada “Ruhnamany” mysal hökmünde getirýärler.

“Ruhnama” kitaby Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda henizem esasy sapaklardan biri bolup galýar. Şeýle-de, daşary ýurtlaryň tejribelerinden peýdalanmak barada pikiriň orta atylmagyna garamazdan, bu ugurda iş ýüzünde päsgelçilikler hem dowam edýär.

Meselem, türkmen studentleriniň daşary ýurtlara okamaga gitmegi henizem aňsat däl. Gyrgyzystanda ýerleşýän Amerikan Uniwersitetiniň ençeme studentlerine Türkmenistandan çykmaga rusgsat edilmezligi şeýle mysallardan biridir.

Şeýle hereketler Türkmenistanda kadrlaryň ýetmezçilik etmegine sebäp bolýar diýip, synçylar aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG