Azatlyk Radiosy: Jenap Akaýew, Gyrgyzystanda häkimiýet çalşygy amala aşyrylaly bäri bäş ýyl geçdi. 2005-nji ýylyň 24-nji martynda bolan şol waka köp adamlar sizi wezipeden çetleşdirmek üçin amala aşyrylan çäre hökmünde garaýarlar. Siz şol waka nähili baha berýärsiňiz?
Askar Akaýew: Men 24-nji mart wakasy barada öz pikirimi şol wakanyň birinji güni aýtdym, ýagny men onuň döwlet agdarlyşygydygyny aýdypdym. Ol döwlet agdarylyşygyny käbir syýasy awantýuristler bilen oppozisiýanyň ekstremist liderleri gurnadylar. Indi gyrgyz halky onuň beren netijelerini görüp otyr.
Şol döwürde, her nähili bolanlygynda-da, Gyrgyzystan belli bir derejede demokratik ýola düşüpdi. Emma şu günki gün ýurtda demokratiýa bütinleý weýran edildi. Şu günki gün Gyrgyzystanda hiç hili demokratiýa galmady.
Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystandaky häzirki syýasy ýagdaýa siz nähili baha berýärsiňiz?
Askar Akaýew: Men gyrgyz halkynyň ogly, Gyrgyzystan bolsa meniň ata Watanym. Men häzirki wagt wagtlaýynça Orsýetde, Moskwa şäherinde ýaşasam-da, barybir men Gyrgyzystana dolanyp barmakçy.
Gyrgyz halkynyň häzirki ýagdaýy meni örän ynjalyksyzlandyrýar. Gyrgyzystanyň ýaşaýşynyň hemme sferasynyň diýen ýaly örän agyrdygyny siz görüp dursuňyz. Ýurduň ykdysadyýeti bolsa weýrançylykly ýagdaýda.
Azatlyk Radiosy: Häzirki oppozisiýanyň wekilleri we olaryň edýän çagyryşlary barada siz nähili pikirde?
Askar Akaýew: Oppozisiýanyň liderlerinden biri Almaz Atambaýew ýurduň şu günki režimini jenaýatçy režim diýip atlandyrýar.
Atambaýew hökümetde işleýärkä, ol we käbir beýleki şu günki oppozisiýa liderleri, şol sanda Roza Otunbaýewa hem Kurmanbek Bakyýewi rewolýusioner lider hökmünde öwüpdiler. Olar ony Fidel Kastro bilen deňäpdiler. Emma şu günki gün, öz wezipelerini elden giderenlerinden soň, olar ýene oppozisiýanyň öňüni çekmek isleýärler. Olaryň hemmesem Gyrgyzystanda režimi çalşyrmak üçin jenaýatçy güýçler bilen hyzmatdaşlyk edipdiler.
Azatlyk Radiosy: Jenap Akaýew, siz Gyrgyzystanyň häzirki syýasy režiminiň alyp barýan syýasatyna nähili baha berýärsiňiz?
Askar Akaýew: Şu günki režim henizem jenaýatçylykly metodlary ulanýar. Jenaýatçylykly maksatlar bilen žurnalistleri urýarlar we ýanaýarlar, özleri üçin potensial konkurent bolaýjak syýasatçylary öldürýärler.
Şu ýagdaýlara görä-de, häzirki wagt tutuş dünýäde Gyrgyzystan «jenaýatçylygyň adasy» ýa-da «başa barmadyk döwlet» diýlip hasaplanylýar. Mundan bary-ýogy bäş ýyl ozal tutuş dünýä Gyrgyzystana hakyky demokratik ýol bilen ösüp barýan döwlet hökmünde garaýardy. Bu günki gün şol garaýyş ýoga çykaryldy. Men muny Gyrgyzystana ýetirilen iň uly zyýan we gyrgyz halkyna edilen iň uly ahlak urgusy diýip hasaplaýaryn.
Azatlyk Radiosy: Ýakynda prezident Bakyýew ählihalk gurultaýyny, ýagny Halk maslahatyny çagyrdy. Ýöne oppozision toparlar bu maslahata gatnaşmakdan ýüz öwrüp, geçen hepde öz gurultaýlaryny geçirdiler. Siz şu wakalar barada nähili garaýyşda?
Askar Akaýew: Meniň pikirimçe, bu günki häkimiýetler tarapyndan gurnalan gurultaýdan hiç hili netije bolmaz. Bu gurultaýa gatnaşýan adamlaryň hemmesem ýörite öňünden saýlanan adamlar we, elbetde, olar ýurduň häkimiýetlerini goldap çykyş ederler.
Meniň pikirimçe, geçen hepde oppozisiýanyň geçiren gurultaýynda adamlar öz talaplaryny mälim etdiler. Eger häkimiýetler şol edilen talaplary ýerine ýetirseler, onda Gyrgyzystanyň gelejegi bar. Eger olar edilen talaplary ýerine ýetirmeseler, onda Gyrgyzystanyň gelejegi ýok. Beýle ýagdaýda Gyrgyzystan krizisden çykyp bilmez. Meni bu ýagdaý örän aladalandyrýar.