Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran atom bombasyny “almagyň ugrunda”


Reza Kahlili özüniň Eýranyň ”Rewolýusiýa sakçylarynyň” öňki agzasydygyny, şol bir wagtyň özünde-de Merkezi Aňtaw Gullugynyň haýryna (CIA) agentlik edenligini, Lokerbieniň asmanynda “Pan Amerikan” uçarynyň partladylmagynyň Eýranyň öňki prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjanynyň buýrugy buýunça amala aşyrylandygyny aýdýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz Merkezi Aňtaw Gullugynda haçan işe başladyňyz, näçe ýyllap bu işde bolduňyz?

Reza Kahlili: Meniň berýän senäm kitapda berilen sene. Meniň kimdigimi Eýranyň yslam režimi bilmez ýaly, seneler, orunlar we atlar üýtgedildi. Muny adamlaryň bilmegi gaty ähmiýetli. Merkezi Aňtaw Gullugy bilen hyzmatdaşlygym Yslam rewolýusiýasyndan iki ýarym ýyl soň başlandy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: “Rewolýusiýa sakçylarynda” näme wezipede bolduňyz?

Reza Kahlili: Wezipämiň edil özüni size aýdyp biljek däl. Ýöne kitapda kompýuter bölümi diýip ýazdym.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Merkezi Aňtaw Gullugyna işlemgiňize näme sebäp boldy?

Reza Kahlili: Bu bir gaty kyn karardy. Öz watanyňa dönüklik etmek aňsat iş däl. Men Birleşen Ştatlarda okuwymy bitirenimden soň uly umytlar bilen Eýrana dolandym. Maksadym ýurduma, yslam respublikasyna hyzmat etmekdi. Indi demokratik ýurdumyz bolar. Hemmeler öz pikirlerini erkin beýan edip bilerler diýip, pikir edýärdim. Ýöne berk yslam kanunlaryna uýmaýan bigünä ýaşlaryň ýa syýasy taýdan başgaça pikir edýänleriň wagşylarça gynalyp, olara ölüm jezasynyň berilmegini görenimden soň, ýurdy terk etmegi ýüregime düwdüm. Bu diktatorçylyk sistema barada bilýän zatlarymy amerikanlara ýetirmek üçin Birleşen Ştatlara geldim.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyzda özüňizde möhüm maglumatlaryň bardygyny, mysal üçin, Lokerbiede “Pan Amerikan” uçarynyň partadylmagyny Eýranyň öňki prezidenti Haşemi Rafsanjanynyň buýranlygyny, Tähranyň Kumdan başga ýerde-de atom işlerini alyp barýanlygyny aýdýarsyňyz. Ol ýer nirede? Bu möhüm hem gizlin maglumatlar siziň eliňize nädip düşdi?

Reza Kahlili: Men bu maglumatlary, aýratyn-da ýadroly maglumaty Merkezi Aňtaw Gullugyna berdim. Olar ony gözden geçirip ýörler. Ýöne bu maglumatlary nireden alandygymy aýdyp biljek däl. Men bu edýänlerimi Birleşen Ştatlaryň Eýran baradaky syýasatynyň üýtgemegi üçin edýärin.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz Amerikanyň Eýran baradaky syýasaty üýtgemeli diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?

Reza Kahlili: Geçen 30 ýyllykda Eýran režimi tarapyndan käbir adamlar amerikan resmileri bilen näresmi gatnaşykda bolup, Waşingtonda Eýranyň eglişik etmegi mümkin diýen umydy oýardylar. Ýöne Eýran režiminiň syýasaty mydama munuň tersinedi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Eýran resmileri özleriniň atom programmalarynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini aýdýarlar.

Reza Kahlili: Eýranyň Ýokary dini ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýi atom ýaragy yslama garşy diýip, ençeme gezek gaýtalady. Ýöne bu dünýäni aldamak üçin aýdylan zat. “Rewolýusiýa sakçylary” atom bombasyny almagyň ugrunda, atom bombasyny öndürip ýörler. Munda hiç bir şübhe bolmasyn. Bu režim atom bombasyny döretse, özlerine howply geljegiň garaşýanlygyny Eýran halky bilmeli. Meniň bu işleri etmekden maksadym dünýä we Eýran halkyny mundan habarly edip, hemmeler üçin garaňky geljegiň öňüni almak.
XS
SM
MD
LG