Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Saglyk gününi belleýär


Halkara Saglyk güni dünýä derejesinde 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde BMG-niň çäklerinde Dünýä saglyk guramasy döredileli bäri ýylda bellenilýär.

Türkmenistanda halkara saglyk gününiň giňden bellenilýänligi, “Türkmenistan – beýik ruhuň we saglygyň ýurdy!” diýen şygar astynda ýurduň ähli künjeklerinde sport ýaryşlarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň amala aşyrylýanlygy, “Saglyk ýodasynda” ýörişleriň geçirilýänligi habar berilýär.

“Sagat durmuşyň tarapdary hökmünde biz milletiň genofondyna, adamlaryň saglygynyň taplanmagyna, beden we ruhy taýdan berk nesliň terbiýelenmegine uly ähmiýet berýäris” diýip, prezident G.Berdimuhamedowyň Halkara saglyk güni mynasybetli ýaýradan halkara ýüzlenmesinde bellenilýär.

Saglygy saklaýyş we “Saglyk” syýasaty

Resmi maglumatlarda 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen milli “Saglyk” programmasynyň Türkmenistanyň taryhynda ýurduň saglygy saklaýyş boýunça täze syýasatynyň doglan güni hökmünde orun alandygy nygtalýar.

Şol bir wagtda-da synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda amala aşyrylan çäreleriň saglygy saklaýyş sistemasynyň gowşamagyna getirenligini, resmi satatistika bolmasa-da, ýurtda ölüm derejesiniň ýokarlanmagynyň we ilatyň ýaşynyň ortaça uzaklygynyň gysgalmagynyň muňa aýdyň mysaldygyny belleýärler.

BMG-niň Dünýä saglyk edarasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň ýaşynyň ortaça uzaklygy 60-67 ýyl aralygynda diýlip hasaplanylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň paýtagtyndan başga ýerlerdäki keselhanalar ýapylypdy. Medisina hyzmatlary tölegli görnüşe geçirilipdi. Medisina işgärlerini taýýarlaýan ýokary okuw jaýlaryndaky okuw alty ýyldan iki ýyla getirildi.

1997-nji ýyldan 2007-nji ýylyň başyna çenli Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş pudagyna ýurduň häzirki prezidenti G.Berdimuhamedow baştutanlyk etdi.

Şu güne çenli Türkmenistanda WIÇ/AIDS, inçekesel, poliomiýelit ýaly ýokanç keseller barada resmi statistika maglumatlary berilmeýär.

Ýokanç keseller babatyndaky çäreler

Käbir keselleriň Türkmenistanda düýpden ýoklugy resmi derejede yglan edilýär. Ýaňy-ýakynda Aşgabada sapar eden BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun bilen duşuşygynyň yz ýany prezident G.Berimuhamedow 1997-nji ýyldan bäri Türkmenistanda poliomiýelit bilen kesellän ýekeje adamyň-da hasaba alynmanlygyny, Türkmenistanda bu keseli doly ýok etmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasynyň 2002-nji ýylyň iýun aýynda doly tamamlananlygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da ýurtda giňden ýaýran ýokanç keselleriň öňüni almak we hassalary bejermek boýunça döwlet tarapyndan ýeterlik ýardamyň berilmeýänligini Türkmenistanyň raýatlary gürrüň berýärler. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanly Bibi daýza inçekeseli bejermegiň çykdajylarynyň näsagyň maşgalasynyň gerdenine düşýänligini gürrüň berdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanda iri medisina merkezleriniň ençemesi guruldy. Döwrüň ösen tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen, täze medisina merkezleri şu günki güne çenli gurulýar hem işe girizilýär. Muňa garamazdan, türkmenleriň saglygyny berkitmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň az däldigini aşgabatly synçy Çoluk Möwlamow belleýär. Onuň pikirine görä, bu birinji nobatda lukmanlaryň gowşaklygy bilen bagly.

Nähili kynçylyk bar?

Asly Türkmenistandan bolan orsýetli lukman, medisina ylymlarynyň doktory Ýelena Silantýewa Türkmenistandan saglygyny bejermäge Orsýete barýanlaryň köpdügini gürrüň berdi.

Alym Türkmenistanda gurulýan we işleýän medisina merkezleriniň maliýe hem tehniki taýdan üpjünçiligine, keseliň sebäplerini anyklamak we bejermek üçin Türkmenistanda şu günki gün bar bolan maddy-tehniki mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Şu günki gün Türkmenistanda medisina hyzmatlarynyň hili boýunça bar bolan kynçylyklaryň sebäbini Ýelena Silantýewa kadrlar problemasynda görýär.

“Iň uly problema medisina işgärleriniň professional derejesine bagly diýip, pikir edýärin. Saglygy saklaýyş ugurdan edilýän esasy tagallalar spesialistleriň taýýarlanmagyna gönükdirilmelidi. Soňky onýyllyklarda ýurtda medisina boýunça bilimiň derejesi örän peseldi. Beýleki ýurtlarda örän islegli spesialistler Türkmenistandan gaýtmaga mejbur boldular. Häzirki wagtda ýurduň içinde hakyky bilim almak isleýänleri okadyp biljek spesialistler az. Bilim derejesi ýurduň saglygy saklaýyşyny ösdürmekde esasy ugur bolmaly” diýip, Ýelena Silantýewa aýtdy.

Şoňky ýyllarda Türkmenistan öz medisina senagatynyň üstünliklerini görkezmek boýunça halkara sergilerini geçirýär. Şeýle sergileriň biri, hususan-da, 2008-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirildi.

Türkmenistanyň habar serişdelerinde şu ýylyň iýul aýynda ýurduň paýtagtynda “Galkynyş döwrüniň saglygy saklaýyşynyň üstünlikleri” atly serginiň we ylmy-praktiki konferensiaýanyň geçirilmegine taýýarlyk görülýänligi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG