Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonda ýadro howpsuzlygy boýunça halkara sammiti açyldy


Waşingtonda ýadro howpsuzlygy boýunça halkara sammiti açyldy. ABŞ -nyň prezidenti Barak Obamanyň baştutanlygynda iki gün dowam etjek foruma 40 gowrak döwletiň baştutany, şol sanda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew gatnaşýar.

Sammitiň baş temasy- global ýadro howpsuzlygyny üpjün etmek, şol sanda ýadroly terroryň öňüni almak.

Barak Obama şeýle diýdi: “Sammitiň baş meselesi ABŞ üçin gysga wagtlyk, orta wagtlyk, uzak wagtlyk iň uly howp bolan terroristik guramalaryň ýadro ýaragyna eýe bolmak mümkinçiligi. “Al-Kaýda” ýaly guramalaryň ýadro ýaragyna ýa-da islendik beýleki köpçülikleýin gyryş ýaraglaryna eýe bolmak isleýändiklerini bilýäris”.
XS
SM
MD
LG