Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 170 jeňçiniň tutulandygyny aýdýar


Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň başlygy şu ýyl jeňçilikde güman edilýän 170 adamyň tussag edilendigini we 10 terror hüjüminiň öňüniň alnandygyny aýdýar.

Aleksandr Bortnikow 29-njy martda Moskwa metrosynda we iki gün soň Dygystanda bolan terror hüjümlerini amala aşyranlaryň we guranlaryň şahsyýetleriniň anyklanandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol noýabrda Moskwa bilen Sankt Peterburg arasynda gatnaýan otla edilen hüjüm bilen ilteşikli 26 jeňçiniň zyýansyzlandyrylandygyny, mundanam başga 14 jeňçiniň tussag edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG