Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Awazada” täze obýektler açylýar


Hazar deňziniň kenarynda halkara howa meýdany we “Awaza” proýektine degişli nobatdaky obýektler, şol sanda gämi ýüzmegi üçin emeli derýä, gaz turbinaly elektrostansiýa we deňiz suwuny duzsuzlandyrýan gural işe girizildi.

Täze obýektler 12-nji aprelde G.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmenbaşy şäheriniň 80 gektar ýerde ýerleşýän howa meýdany bir wagtda ýedi sany uçary kabul etmäge we her sagatda 800 ýolagçyny geçirmäge ukyply. Onuň uçuş meýdanynda uçarlaryň ähli görnüşlerine hyzmat etmäge mümkinçilikler bar.

Howa meýdany döwrüň iň täze tehniki enjamlary we sistemalary bilen üpjün edilen diýip, resmi maglumatlarda aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky howa meýdanyny Hazar deňziniň kenarynyň bezegi diýip atlandyryp, onuň milli ykdysadyýetiň hem syýahat pudagynyň ösüşine itergi berjegine ynam bildirdi.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” syýahat zonasyny ösdürmek meselesi hökümetiň üns merkezinde duran esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.

Bu ýerde myhmanhanalaryň, sport we dynç alyş merkezleriniň, syýahatçylyga degişli dürli infrastruktura obýektleriniň gurluşygyny göz öňünde tutýan proýektlere ýylda milliardlarça dollar ýatyrylýar. Türkmen hökümeti proýektlere gatnaşmak teklibi bilen daşary ýurtly maýa goýujylara yzygiderli çagyryş edip gelýär.

Resmi maglumtlara laýyklykda, 2010-njy ýylda Türkemenistan 240 sany täze obýektiň gurluşygyna 12 mlliard dollar sarp etmekçi. Göz öňünde tutulýan gurluşyklaryň aglaba bölegi “Awaza” syýahat zonasynyň paýyna düşýär.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda täze obýektleriň işe girizilmeginiň ähmiýeti nygtalyp, alnyp barylýan gurluşyklaryň ýurduň abadançylygyny hem gülläp ösüşini subut edýänligi bellenilýär.

Halkyň gündeki durmuşyna täsiri


Türkmenistanyň ýaşaýjylary bolsa, ilkinji nobatda halkyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýän meselelere üns berilmegine uly zerurlygyň bardygyna ünsi çekýärler.

Uçar gatnawy üçin döwrüň ösen şertlerine laýyk täze mümkinçilikler döredilýärkä, ýurduň içinde maşyn gatnawy üçin kadaly ýollaryň ýokdugyny, türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew belleýär.

Türkmenistanda iri gurluşyklaryň alnyp barylmagy bilen baglylykda raýatlaryň emläginden mahrum edilip, ýaşamak üçin jaýsyz galdyrylýanlygy hem habar berilýär.

“Awaza” proýekti durmuşa geçirilip başlaly bäri azyndan 2000 ýaşaýyş jaýy ýykylyp, jaý eýelerininiň köpüsine kompensasiýa berilmänligini ýurist Timur Misrihanow Azatlyk Radiosyna aýtdy. Onuň sözlerine görä, raýatlaryň emlägi göni elinden alnyp, olaryň emläk hukugy we ýaşamak üçin ýer saýlamak hukugy depelenýär.

Jaýsyz galanlaryň hukugy

Emläginden mahrum bolanlygy sebäpli arza-şikaýatlar bilen ýüzlenýänleriň bolsa, režime garşy çykyş etmekde aýyplanmak haýbaty atylyp, häkimiýetler tarapyndan gorkuzylýanlygyny Timur Misrihanow belledi.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň milli kanunlarynda, hususan-da, ýurduň raýat kodeksinde, raýatlaryň elinden alnan jaýlaryna derek deň derejede jaý bilen üpjün edilmegi göz öňüde tutulýar.

Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki ýerlerinde, şol sanda Türkmenbaşyda jaýlary ýykylyp, häkimiýetler tarapyndan täze jaý bilen üpjün edilenler hem bar.

Emma Timur Misrihanowyň sözlerine görä, jaý bilen üpjün edilenler emläksiz galanlara garanda prosent taýdan köp däl, raýatlaryň jaýly bolmagy meselesinde-de para-peşgeş, garyndaşparazlyk we tanyş-bilişlik uly orun tutýar.

Jaýy ýykylan raýatlaryň täze jaý bilen üpjün edilmeýänliginiň sebäbini synçylar ýurtda alnyp barylýan uly möçberdäki gurluşyklarda ýaşaýyş jaý gurluşygyna ýeterlik üns berilmän, ýaşaýyş jaýlarynyň zerur möçberde gurulmaýanlygyndan görýärler.

Şol bir wagtda-da kanunlara görä, häkimiýetler tarapyndan jaýy ýykylan graždanlaryň emläginiň öwezini pul görnüşinde dolmak hem göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG