Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary derejeli amerikaly wekil Gyrgyzystana barýar


Ýokary derejeli amerikaly ýolbaşçy Robert Blak Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçylary bilen pikir alyşmak üçin şu gün Bişkege barýar.

Döwlet sekretarynyň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça kömekçisi Robert Blak şol saparynyň dowamynda Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa bilen duşuşar.

Oppozision protestçileri basyp ýatyrmak boýunça Bişkekde bolan dartgynlyk netijesinde Bakyýewiň paýtagty terk etmeginden soň, Blak Gyrgyzystana barjak iň ýokary derejeli amerikaly diplomatdyr.

Şeýle-de Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygynyň orunbasary Almaz Atambaýewiň hem gepleşikler geçirmek üçin şu gün Moskwa barmagyna garaşylýar.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Waşingtonda eden çykyşynda Gyrgyzystanda graždan urşyň bolmagynyň mümkindigini aýdyp, bu ýurduň ikinji Owganystana öwrülip biljekdigini duýdurdy.

Bakyýew bolsa eger onuň we öz maşgala agzalarynyň howpsuzlygyna kepil geçilse, öz wezipesinden çekilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Wagtlaýyn hökümetiň ýolbaşçylary Bakyýew sişenbe gününiň dowamynda wezipesinden çekilmese, onuň tussag ediljekdigini bellediler.

Sişenbe güni giçlik regiondan gowşan maglumatlara görä, Bakyýewiň öýüniň töwereginde howpsuzlyk güýçleriniň sanynyň artdyrylanlygy barada hiç hili yşarat göze ilmeýär.

13-nji aprelde Bakyýewiň ýüzlerçe tarapdarlary Jalalabatda wagtlaýyn hökümeti berk tankyt etdiler.
XS
SM
MD
LG