Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i “Serhetsiz lukmanlara” protest bildirýär


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “Serhetsiz lukmanlar” guramasy tarapyndan 12-nji aprelde ýaýradylan “Türkmenistan: Saglygy saklaýyş sistemasynyndaky ýapyklyk” atly hasabaty prowokasiýa diýip atlandyrdy.

Türkmen DIM-niň habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan beýanatynda ady agzalýan hasabatyň “obýektiw bolmadyk maglumatlar esasynda taýýarlanandygy we hakykaty ýoýujy häsiýete eýedigi” öňe sürülýär.

“Aslynda, bu hasabatyň awtorlary Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasy barada bilkastlaýyn ýalan maglumat ýaýradyp, ýurduň abraýyna zeper ýetirmäge synanyşdylar” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Şeýle hem beýanatda “WIÇ infeksiýasynyň ýaýramagyna garşy profilaktika we öňüni alyş çäreleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde, Türkmenistan WIÇ infeksiýasy we AIDS keseli ýaýramadyk az sanly ýurtlaryň arasyna girýär” diýilýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanatynda aýylmagyna görä, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň bejerilmegi we profilaktika hem-de medisina ylymlarynyň ösdürilmegi boýunça daşary ýurtly ynamdar partnýorlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistan yzygiderli ädimleri ädýär.

10 ýylyň dowamynda Türkemenistanda işlän, medisina ugrundan Türkmenistanda resmi hasaba alnan hökümete degişli bolmadyk ýeke-täk gurama bolan “Serhetsiz lukmanlar” 2009-njy ýylyň dekabr aýynda Tükmenistandaky programmalaryny ýapypdy.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň medisina boýunça müdiri Lesli Şanksiň aýtmagyna görä, programmalaryny ýapmak kararyna gelinmegine guramanyň işiniň Türkmenistanda gitdigiçe çäklendirilmegi we inçekeseli derman bilen bejeriş programmasynyň türkmen hökümeti tarapyndan ret edilmegi sebäp bolupdyr.

Şeýle hem “Serhetsiz lukmanlar” gurmasynyň wekili Lesli Şanks saglyk pudagy boýunça Türkmenistanyň resmi derejede yglan edýän sanlarynyň hakykata gabat gelmeýänligini, wada berýän çäreleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeýänligini öňe sürüpdi.

Lesli Şanks Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynyň ýagdaýy baradaky öz aladalaryny beýan etmegi, ýurtdaky ýagdaýlar barada BMG-niň Bütindünýä Saglyk Guramasy we UNICEF Çagalar fondy ýaly halkara guramalar bilen gepleşik geçirmegi we olary dymmazlyga çagyrmagy dowam etdirmekçidiklerini hem mälim edipdi.

“1999-njy ýyldan bari türkmen hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, saglygy goraýyş pudagy boýunça ençeme proýektleri amala aşyran halkara “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň bu ýurda garşy dostlukly bolmadyk hereketlere baş goşmagy geň galdyrdy” diýip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

Şu ýagdaýlar bilen baglylykda, resmi türkmen tarapy “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň hereketlerine berk protest bildirýändigini hem-de ýaýradylan hasabaty prowokasiýa we maksada zyýan beriji diýip atlandyrýandygyny mälim edýär.

Hasabaty ýaýratmagyň öň ýanynda “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň türkmen häkimiýetleri bilen gepleşik geçirip, öz garaýyşlaryny mälim edenligi, emma munuň netije bermänligi habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG